18-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň we Bahreýniň Baştutanlary şu günki gepleşikleriň netijeli häsiýetini hem-de anyk netijeleri gazanmagy ugur edinýändigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, iki ýurduň Baştutanlary ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijelerinden kanagatlanýandyklaryny aýtdylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň, iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bahreýniň Patyşasynyň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Soňra milli Liderimiz Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy — «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy.
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildiren hormaty üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Bahreýniň Patyşasy Gypjaga bardy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hormatlap, kümmete gül çemenini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.
Şeýle hem belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýup, Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa bu ýerde, Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki ýurduň we halklaryň dostlugynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
* * *
19-njy martda Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine we Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi.
Bahreýniň Patyşasy we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary ussat halyçylarymyzyň ajaýyp işleri bilen tanyşdylar hem-de zähmetsöýer halyçylarymyzyň zehinine hem-de ussatlygyna ýokary baha berdiler.
Bahreýniň Baştutany özboluşly milli halyçylyk sungatynyň ýokary derejesini, türkmen halyçylarynyň kämil ussatlygyny belläp, muzeýde goýlan örän owadan halylaryň umumadamzat medeniýetiniň hakyky gymmatlygy bolup durýandygyny nygtady.
Belent mertebeli myhmanlaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmagy we ýokarda agzalan desgalara baryp görmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi olara ajaýyp halylary hem-de ahalteke bedewleri bilen meşhur bolan ýurdumyz bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çärelere gatnaşmak türkmen halkynyň biziň günlerimize çenli aýawly saklanyp galan baý medeni mirasyň häzirki döwürde täze üstünlikler üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik döredýär.
Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulagy Halkara ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Belent mertebeli myhmanyň öňünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri at üstündäki oýunlaryň ýokary ussatlygyny görkezdiler. Çalasyn hem-de başarjaň çapyksuwarlar ajaýyp ahalteke bedewlerinde türkmen kompozitorlarynyň joşgunly sazynyň astynda dürli çylşyrymly emelleri hem-de akrobatik tilsimleri görkezdiler. «Galkynyş» toparynyň agzalarynyň köpöwüşginli çykyşy dostlukly ýurduň Baştutanynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Soňra Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa naýbaşy ahalteke bedewleriniň gözelligini, syratyny, çalasynlygyny, seýkin basyp ýörişini synlady.
Ýurdumyza döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň ugratmagynda Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Belent mertebeli myhman şol ýerden watanyna ugrady.
“Nesil” gazeti,
21.03.2019ý.