Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyna hem-de täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz pagtaçylaryň durmuşynda möhüm döwrüň — gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ösdürip ýetişdirmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde daýhanlarymyzyň netijeli işlemegi, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli şertler döredilýär.
Milli Liderimiz daýhanlarymyzyň ýokary hilli tohum, dürli görnüşli dökünler, kämil oba hojalyk tehnikalary, zerur mukdarda suw bilen, şeýle hem beýleki gerekli serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini belledi. Bu işler özüniň gowy netijelerini hem berýär.
Döwlet Baştutanymyz merdana daýhanlarymyza yhlasly zähmet çekip, şu ýylda ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna bugdaý hem-de 1 million 50 müň tonna «ak altyn» öndürmegi tabşyryp, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem bol hasyl almagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem oba zähmetkeşlerimiziň ýokary sepgitlere ýetip, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ählihalk ýowar gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işleri geçiriler. Hususan-da, Milli bahar baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda dürli edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ählihalk ýowary geçirilip, onuň dowamynda 12 gektar meýdanda tut nahallaryny ekmek meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz her ýylda geçirilýän ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny saklamakda möhüm ähmiýeti bolan Milli tokaý maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak babatda tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Milli bahar baýramy aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dabaraly çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary we ýörelgeleri, Türkmenistanyň häzirki wagtda medeniýetde we sungatda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapar.
Asylly däbe görä, esasy dabaralar 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda guralar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan eserleri hem-de «Nowruznama» kitaby esasynda medeni-köpçülikleýin dabaralary guramak göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni döwletleriň dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmegi üçin täze giňişlikleri açýandygyny, daşary ýurtlar, esasan-da, goňşy döwletler bilen özara düşünişmegiň, ynamyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde halkymyzy täze üstünliklere we beýik işlere ruhlandyrýan medeni-köpçülikleýin baýramçylyk dabaralarynyň guralmalydygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň durmuşynda birnäçe şanly wakalaryň bolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryny we Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
19.03.2019ý.