HUSUSY PUDAGYŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI

Ministrler Kabinetiniň 7-nji martdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiz üçin obasenagat toplumyny ösdürmegiň ähmiýetini aýdyp, oba hojalygyna goldaw bermek, bu pudakda işleýän telekeçilere hemmetaraplaýyn mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz TSTB-niň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetinde esasy orun eýelemelidigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülmelidigini nygtady.

Ýurdumyzyň işewürleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, häzirki döwürde önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen, halkara derejesine çykýarlar. TSTB-niň gatnaşmagynda Çyzykly belgiler boýunça milli gurama döredildi.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 14-nji martda TSTB-de ýurdumyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Barlaghana TSTB-niň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan USAID-niň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň ýardam bermeginde döredildi.

Dabara gatnaşyjylar milli standartlaşdyrmak we ygtyýarlylandyrmak ulgamynyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtadylar.

Diýarymyzdaky ilkinji hususy mikrobiologiki barlaghana ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň barha ýokarlanýandygyny nazara almak arkaly açyldy. Oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilmeginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine ýardam eder. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda obasenagat toplumynyň iri kärhanalarynyň birnäçesi işe girizildi.

Şeýle maksatly desgalaryň ýene-de birnäçesi guruldy. Ýakynda Türkmenis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän TSTB-niň ag­za­la­ry ýur­du­myz­da IT— klasterini döretmek meselesi boýunça bilermenleriň duşuşygyny geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki şertlerde islendik döwletiň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Ykdysadyýeti batly depginler bilen ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny doly ulanmak, öňdebaryjy ylmy gazananlary ornaşdyrmak bu ugurda esasy şerte öwrülýär. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

Ýurdumyzda IT tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça giň gerimli meýilnamalary amala aşyrmak üçin mart aýynyň başynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz işgärleri, telekeçiler hem-de döwlet edaralarynyň wekilleri üçin okuw-tanyşdyryş maslahatlaryny gurady.

Hormatly Prezidentimiz üýtgäp durýan islegi, sebit we dünýä meýillerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek üçin dünýä bazarynyň ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň zerurdygyny belleýär.

Telekeçiler ýurdumyzyň bazarynda paýyny artdyrmak bilen bir hatarda, täze marketing çemeleşmeleri işjeň özleşdirip, söwda-sergi hem-de kongres işine işjeň gatnaşýarlar, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürýärler.

TSTB daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň içerki bazaryny harytlar bilen doldurmakda uly orun eýeleýär. Ol senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberinde, haryt dolanyşygynda ýylsaýyn artýan ösüşi üpjün edýär.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň wekilleri ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça kärhanalary döretmekde ýeterlik tejribe toplap, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýärler.

Giňden sarp edilýän harytlaryň önümçiligi, ulag, söwda we hyzmatlar ulgamlary, logistika türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň hatarynda esasy orunlary eýeleýär.

2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz güýji bilen gurlan edara we söwda maksatly desgalar toplumy ýurdumyzyň hususy pudagynyň mümkinçilikleriniň ajaýyp nusgasy boldy.

Şu ýylyň ýanwarynda bolup geçen Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat aw­to­banynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy ýurdumyzyň hususy pudagynyň ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Onuň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy.

Häzir TSTB-niň agzalary birleşmäniň döredilmeginiň 11 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýärler. Bu waka mynasybetli Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi guralar.

“Nesil” gazeti,

16.03.2019ý.