BEÝIK IŞLERIŇ BOSAGASYNDA

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleri, dürli maksatly binalaryň gurluşyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz baýramynyň golaýlap gelýändigini belläp, şäheriň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede guralmagy ugrunda degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Türkmenistanyň içeri işler ministrini çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini, ýangyn howpsuzlygyny, şeýle hem degişli tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň we sport toplumynyň desgalarynyň taslamalaryny hödürledi hem-de şolaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz bag ekmek boýunça 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna ýokary derejede taýýarlyk görüp, bu çäräni guramaçylykly geçirmek, bag ekiljek ýerleri we zerur bag nahallaryny taýýarlamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek baýramçylyk çäresini guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra beýleki welaýatlaryň häkimleri degişlilikde häzirki döwürde sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ak ekin meýdanlarda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, bu işler bilen bir hatarda, ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi. Medeni zolakdan uzakda ýerleşen ýaýlalardaky bugdaýa ideg işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, ähli agrotehniki çäreleriň kada laýyk ýagdaýda we bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleriniň degişli derejede bolmalydygyny belläp, bu çäreleriň we baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigine hem ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Daşoguz şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň taslamalary hödürlendi we onuň ýerleşjek ýerleri barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy eýeleýän meýdany 71 gektara barabar bolup, onda 1496 maşgala niýetlenen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, şol sanda dört gatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdep, çagalar bagy, Saglyk merkezi, söwda dükanlary, hyzmatlar öýi ýerleşdiriler.

Soňra Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ösdürmegiň bähbidine häzirki döwrüň anyk meselelerinden gelip çykýan wezipelere laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

14.03.2019ý.