Ösüşlere kuwwatly badalga

Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Geçen hepde dürli derejedäki geçirilen çärelere baý boldy. Diýarymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary geçirildi.

4-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, şol sanda şäher gurluşygynyň, sport ulgamynyň, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly wezipeler girizildi.

Şeýle hem 2024-nji ýyla çenli Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynda täze şäherçeleriň tapgyrlaýyn gurluşygy hakyndaky Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz ilatly ýerlerde, ilkinji nobatda, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş düzümini, ilatyň döredijilikli zähmeti we dynç alşy üçin şertleri döretmek babatda alada edilmelidigini tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda 5-nji martda geçirilen maslahatda ykdysadyýeti senagatlaşdyr­mak, ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hususan-da, Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze etrapçany gurmak bilen, Aşgabady ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnama badalga berilýändigi bellenildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýakynynda şäher görnüşdäki täze obany gurmak bilen baglanyşykly ýene bir iri taslamanyň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi. Şol ýerde maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk hojalyklaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem milli Liderimiz Daşoguz we Mary welaýatlarynda nusgalyk derejedäki häzirki zaman şäherçeleri we obalary döretmek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy martda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirendigini bellemeli. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 7-nji martda geçiren mejlisinde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmak, ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde bu ulgama geçilmeginiň artykmaçlyklaryny giňden wagyz etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjiknelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Daşary syýasat babatda söhbedi dowam etmek bilen ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän SARD III taslamasy geljekde türkmen oba hojalyk önümlerini eksport etmegiň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz V Hazar sammitinde çykyş edip, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamagyň maksada laýyk boljagyny aýtdy. Türkmen Lideriniň bu başlangyjy bilen baglylykda, 15-nji marta çenli dowam etjek okuw maslahatynyň şu ýylky maksatnamasynda deňiz ylmy-barlaglary ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berler.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer we parahatçylyk dörediji syýasatynyň döredijilik güýji «Türkme­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» şygary bilen geçýän 2019-njy ýylyň geçen hepdesiniň wakalarynda hem öz beýanyny tapdy. Bu wakalar ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň aýdyň alamatlaryna öwrüldi.

“Nesil” gazeti,

12.03.2019ý.