DÖWLETLI TUTUMLAR — DOWAMLY ÜSTÜNLIKLER

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öňürti, ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň zenanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojaklaryna abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Iki aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,65 milliard manada we çykdajy bölegi 2,55 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,3 göterim ýokarlandy.

Milli Liderimiz şu ýylyň iki aýynyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça makroykdysady görkezijileriň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny belläp, amala aşyrylmaly möhüm meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegiň, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny nygtap, bu ugurdaky işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine gulluk iş saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetini Gazagystan Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Halkara guramalardan Türkmenistanda iri ýaryşlary geçirmek boýunça teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny, 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny, ulularyň arasynda futzal boýunça Aziýa çempionatyny, kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň meseleleri hakyndaky» Kararyna laýyklykda, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalaryny we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumyny sport binýady hökmünde peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary sanly wideoaragatnaşykda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürme­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça işler geçirildi.

Medeniýet ulgamynyň edaralarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işleri barada habar berildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny jemi 21 müň nusgalykdaky kitap bilen üpjün etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça Döwlet toparlary tarapyndan taýýarlanan teklipler hödürlenildi. Şoňa laýyklykda, döwlet edaralaryna we kärhanalaryna gurluşyk işleri hem-de beýleki maksatlar üçin ýer böleklerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna oba hojalyk hem-de beýleki önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky teklipler aýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz 21-nji martda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça her ýylda geçirilýän ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine möhüm üns berilmelidir.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynda sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni — 8-nji mart baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

09.03.2019ý.