DÖWLETLI, DÖWRANLY ILLER ÝAÝYLÝAR

Hormatly Prezidentimiz sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Hepdäniň sişenbe güni hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň çäklerinde milli Liderimiz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler barada maslahat edip, bu ugurda öňde durýan wezipeleri kesgitledi.

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şeýle hem hususy bölegiň öňünde Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny, ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamany hemde Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesiniň durýandygy bellenildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi we suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä derejesinde giň goldawa eýe bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli düzümlerinde täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylýar. Bu bolsa pudagyň milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna ünsi çekip, ony häzirki zaman bazar gatnaşyklaryny nazara almak, şeýle hem innowasiýa tehnologiýalaryny we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze etrapçanyň döredilmegi Aşgabat şäherini uzakmöhletleýin esasda ösdürmek boýunça maksatnamanyň başyny başlar. Şunlukda, bu künjekde häzirki zaman şäherçesi, belent binalar emele geler. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň golaýynda şäher görnüşli obany döretmek boýunça kabul edilen çözgüdiň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolup, Garagumyň merkezinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, kölüň golaýynda maldarçylygyň, ekerançylygyň we balykçylygyň ösdürilmegi meýilleşdirildi. Munuň özi Garagum sährasynda täze durmuşyň döredilmegi bilen bir hatarda, bu künjekde daşky gurşawyň sagdynlaşmagyny, onda ekologiýa taýdan arassa önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala gelmegini hem-de täze iş orunlarynyň üpjün edilmegini şertlendirer.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli işlemegi we dynç almagy üçin aňrybaş şertler üpjün edilmelidir.

Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki, Saýat we Çärjew etraplarynda bina ediljek täze şäherçeleriň nusgalyk derejä eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalar edilmelidir. Olarda ilatyň durmuş üpjünçiliginiň ýokary derejede ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şeýle hem täze şäherçeleriň gurluşygynda ylmyň ýokary gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir, onda ýurdumyzyň ekologiýa we durmuş ulgamyna degişli ähli şertler üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Daşoguz we Mary welaýatlarynda hem häzirki zaman şäherçelerini, nusgalyk derejedäki obalary döretmek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda üstünlikler arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

07.03.2019ý.