Hormatly Prezidentimiz milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy.
Bahar paslynyň ilkinji dynç gününde ir bilen döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyza wekilçilik edip, ýaryşlara gatnaşjak türgenleriň seçilip alnyşy hem-de olaryň sanawy barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary hem bar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Sport häsiýeti, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi we durnuklylygy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, özüňden hemişe üstün çykmagyň netijesinde ynam, merdemlik, güýç, tizlik, başarnyk we oýlanyşyklylyk, ruhdan düşmezlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak ýaly häsiýetler peýda bolýar. Bu häsiýetleriň ählisi özünde ruhy baýlygy, ahlak arassalygyny we beden taýdan kämilligi sazlaşykly utgaşdyrýan şahsyýetiň özüne erk etmeginiň we beden taýdan iň oňat häsiýetlerini jemleýär. Bu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýeläp bilen adam uly hormat goýulmagyna mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda, sport ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu ugurda halkymyzyň bähbidine düýpli özgertmeler we giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda soňky ýyllarda dünýä ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan köp sanly sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar hem-de beýleki sport desgalary şaýatlyk edýär.
Biziň ussatlarymyz ajaýyp başarnyklaryny görkezip, halkara ýaryşlarynda uly netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa watandaşlarymyzyň buýsanç duýgusyny artdyryp, jemgyýetimiziň jebisligini berkidýär. Biziň sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli we ulgamlaýyn işlerimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär hem-de ýokary baha mynasyp bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, sporty ösdürmek meselelerine, ýaşlarda ruhy we beden taýdan mümkinçilikleriniň sazlaşykly utgaşmagyna, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegine hem-de zerur bolan sport tejribesini ele almaga biz döwlet derejesinde mundan beýläk-de ähmiýet bereris.
Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sport toplumlarynyň we olaryň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde bar bolan sport desgalaryny netijeli peýdalanmak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çärelere seretdi.
Bu gün welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň 22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam boýunça nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çeken «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakyndaky» Karary esasynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan belent desga Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň çatrygynda oturdylar.
Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynyň daş keşbiniň we olaryň içerki ýagdaýy bilen tanyşlygyndan soň milli Liderimiz olary türkmen türgenlerini jogapkärli ýaryşlara, aýratyn-da, Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin doly güýjünde ulanmak, türgenlerimiziň türgenleşikleri hem-de ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklary üçin iň oňat şertleri döretmek barada görkezme berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynyň türgenleşik zalyna gelip, bu ýerde sport enjamlarynda degişli maşklary ýerine ýetirdi.
Olimpiýa şäherçesini gözden geçirenden soňra, döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna ugrady.
Dynç gününde hormatly Prezidentimiz adaty endigine eýerip, Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.
Milli Liderimiz bu ýerde şu ýylyň başynda doglan Rowaç atly taý bilen didarlaşyp, onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi ýagşy dessurlary ýaran edinen halkymyzyň haýyrly işe ak ýol arzuw edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Rowaç atly taý bilen birsellem gezim etdi. Taýçanak özüne bildirilýän üns-alada hoşallygyň nyşany hökmünde kişňedi. Munuň özi ynsan bilen behişdi bedewiň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolmak bilen, ynsan paýhasy bilen döredilen gözelligiň we sazlaşygyň nyşanydyr. Hut şonuň üçin bolsa gerek, asylly bedew Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany — taryhy tejribäniň dowamlylygy, zähmet we gujurgaýrat bilen ruhlanan belent maksatlaryň nusgasydyr.
Bu gün ahalteke bedewi ylhamjoşgun, ruhubelentlik döwrüniň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunlylygyny aňladýar. Bu bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda-da nurana arzuwlaryň dabaralanmasyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň Rowaç atly ajaýyp taýçanak we ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmagy ylham joşgunyna täze kuwwat berdi. Behişdi bedewleriň mährinden ruhlanan milli Liderimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny jemlänem bolsa, bu ýerdäki ýakymly pursatlardan göwni galkyp, eline galam alyp, kitaba ýene-de birnäçe maglumatlary, täsirli pursatlary, oý-pikirlerini girizdi.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň gadymdan gözbaş alýan, seýisçilik sungaty bilen bagly däp-dessurlaryny aýawly saklamak, olary dünýä ýaýmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işler milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplarynda öz beýanyny tapdy. Olar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, halkara derejesindäki gymmatly gollanmalara öwrüldiler. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynda milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň gazanan şan-şöhratyna we häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan maglumatlary beýan etdi. Olaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, iň gowy däplerini dowam edýän seýisçilik ýörelgeleri, onuň at seýislemekdäki usullary dogrusynda kitapda gürrüň berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly bu kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat bolar. Döredijilik bilen meşgullanandan soň, döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyndan ugrady.
“Nesil” gazeti,
05.03.2019ý.