TEBIGAT BILEN SAZLAŞYKLY BEÝIK IŞLER

Hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy hem-de bu ýerde döwrebap nusgadaky täze obany gurmak, şeýle hem maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdy.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini üpjün etmek, türkmen halky üçin oňaýly şertleri döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän tebigaty goraýyş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Dünýäde howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi, ekologiýa meseleleriniň adamzat üçin çynlakaý wehimleriň biri bolup durýandygyny bellemeli. Bu bolsa Aral meselesiniň we onuň zyýanly täsirleriniň duýulýan gurak zolaklarda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda öňüni alyş çärelerini geçirmegiň wajypdygyny öňe çykarýar.

Şunuň bilen baglylykda, Garagumuň merkezinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny ýygnamaga niýetlenen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak aýratyn ähmiýete eýedir. Garagumda emeli kölüň gurluşygy we işlemegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmen kölüniň ýerleşýän ýerine iş saparyny amala aşyrmagy hem munuň subutnamasydyr.

Taslamanyň ikinji nobatdakysyny amala aşyrmagyň çäklerinde oňa barýan akabalaryň ulgamy giňeldilýär we çuňlaşdyrylýar. Bu bolsa şorlaşan suwlary çykarmaga däl, eýsem, olary ikinji gezek ulanmaga mümkinçilik berýär. Suw hojalyk desgasynyň ýeke-täk ulag hökmündäki sazlaşykly işini üpjün etmek üçin gurluşykçylar akabalary giňeltmek, kollektorlaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri gurmak, süýşýän çägeleri berkitmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy üçin kuwwatly, ýokary öndürijiligi bolan döwrebap tehnikalar satyn alyndy. Şolaryň hatarynda Ýaponiýanyň «Komatsu», ABŞ-nyň «Caterpillar» ýaly dünýä belli önüm öndürijileriniň 1500-den gowrak ekskawatorlary, buldozerleri we beýleki tehnikalary bar. Döwlet býujetinden bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň umumy mukdary häzirki döwre çenli ABŞ-nyň 553 million 378 müň dollaryna barabar boldy.

Garagumda ösümlikleriň 290-dan gowrak görnüşiniň bitýändigini bellemeli. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly dünýä belli köp jiltli düýpli işinde beýan eden dermanlyk ösümlikleriniň 210-a golaý görnüşi bar. Milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi bilen Garagum sährasynyň gorag zolaklarynyň degişli derejede saklanmagy we olaryň dünýäde wagyz edilmegi, şeýle hem olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmen köli balykçylygy ösdürmek üçin emele gelen suw howdanlaryny we şor suw akabalaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ýere ýygnananlara içi dürli balykly çanaklaryň görkezilmegi munuň aýdyň mysaly boldy. Şol balyklar kölde hem-de onuň golaýyndaky suw howdanlarynda ýaşaýar.

Döwlet Baştutanymyz halkara guramalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda gürrüň berdi. Bu emeli köle ýerleriň suwarylmagy netijesinde emele gelýän zeý suwlary gelip guýýar. Eger şol suwlar ozal öri meýdanlary basyp, Amyderýa we Garaguma akan bolsa, indi Türkmenistan bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde sebitde ilkinji bolup daşky gurşawa aýawly garamagyň nusgasyny görkezýär.

Türkmen köli Merkezi we Gündogar Garagumuň kollektor ulgamlarynyň çäklerinde göçýän guşlar üçin amatly ekologiýa we iýmit şertleri kemala geldi. Daşoguzyň sowma akabasynyň ýerleşýän ýerindäki köller suwly-batgaly ýerlerde ýaşamaga ukyply ördekleri, gazlary, jübtünleri, çuluklary we beýleki guşlary özüne çekýär. Bu ýerde guşlaryň 250-ä golaý görnüşiniň höwürtgeleýändigini we gyşlaýandygyny aýratyn bellemeli.

Garagumuň merkezi bölegine suwuň gelmegi seýrek duş gelýän toýnakly jandarlaryň köpelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Üstýurt dag goçy, gulanlar we keýikler bar. Şeýlelikde, suw howdanynyň kenarlarynyň haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi hem barha artýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanlaryň ünsüni maldarçylygyň ösüşine, çölüň suwarymly ýerleriniň mukdaryny artdyrmagyň hasabyna öri meýdanlaryň giňelmegine giň mümkinçilik berýändigine çekdi. Häzirki döwürde sähradaky öri meýdanlaryň möçberi 8 million 640 müň gektara ýetdi. Munuň özi bu ýerde dowarlaryň 4,6 million başyny, düýeleriň bolsa 60 müňüsini saklamaga, şugundyr, sudan otuny, arpa, dary we beýleki ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde Türkmen kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Olar däp boýunça köpçülikleýin awlanýan balyklardyr. Olaryň hatarynda kepir, töp, çapak, jereh, ak amur, lakga, gara balyk, karas, türkestan we aral ýaýyny, ak we ala tüňňimaňlaý, çüýbalyk, çehon, ýylan balygy we beýlekiler bar. Bu balyklaryň köpüsiniň duzy az bolan suwlarda ýaşaýandygyny bellemeli. Olaryň bu howdanda bolmagy amatly ekologiýa ýagdaýyndan, onuň ekoulgamynyň durnuklylygyndan habar berýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy, ulag we jemagat hojalygynyň düzümlerini, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, kiçi telekeçilik ulgamlarynyň ösdürilmegi, sebitleri ykdysady taýdan ösdürmegiň hereketlendirijisi hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek Oba milli maksatnamasynyň möhüm ugurlarydyr. Umuman, bularyň ählisi ýaşlar we hemme ýaşaýjylar üçin öz işewürligiňi alyp barmak, bu ýerde uly, köp çagaly maşgalalaryň döremegi hem-de berkemegi üçin obany özüne çekiji etmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäklerini özleşdirmäge, bu ýerde ekerançylygy we balykçylygy ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maldarçylyk fermalarynyň ýerleşdiriljek ýerlerini hem-de olaryň eýeçilik görnüşini — döwlet ýa-da hususy görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz täze obada guruljak saglygy goraýyş edaralarynyň, mekdebiň we çagalar bagynyň ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini aýdyp, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlanda ulanyljak gurluşyk serişdeleriniň, geçiriljek işleriň hiline aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglygyny, abadançylyk we işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Aşgabada ugrady.

“Nesil” gazeti,

02.03.2019ý.