25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.
Sanly wideoaragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletde geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmelidigini belledi. Sebitde alnyp barylýan gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy aýdyp, täze welaýat merkeziniň gurluşygynyň taslamasy babatda, öňde boljak ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň oba hojalygynda alnyp barylýan işlere guramaçylykly çemeleşmegi tabşyrdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, deňziň kenaryndaky şypahanada adamlaryň doly derejeli dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Soňra öz nobatynda Daşoguz, Lebap welaýatynyň häkimleri döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz häkimlere degişli tabşyryklary berdi we sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny çagyrdy.
Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde döwrebap şäherçeleriň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp we olary, umuman, makullap, wise-premýere we häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde ählihalk ýowaryny geçirmek işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini Garagum derýasynyň we beýleki suw howdanlarynyň kenarlarynda tut agaçlarynyň ekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsümiň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, welaýatda ýaz-meýdan işleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi we häkime anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän düzümlerinde möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem suw hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen durnukly üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijelere eýe bolmalydygyny belledi.
Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda Aral meselesini çözmäge bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň üpjün edilmegine gönükdirilen Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakynda başlangyjy öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy Halkara zenanlar gününe görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň wajypdygyny belledi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherine türkmen wekiliýetiniň gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ählumumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Sebitiň we dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlarynyň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistan üçin wajyp hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar deňhukuklylyk we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistan bu gazna 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk edýär.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şu ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň milli derejedäki işleriň degişli ugurlaryna pugta esaslanmalydygyny belledi.
Milli Liderimiz geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine ünsi çekip, ýokary derejede guralan duşuşygyň anyk häsiýete eýe bolandygyny we onuň taraplaryň uzakmöhletleýin gatnaşyklara, hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan taýýarlygyny äşgär edendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň ýokarda agzalan meseleler boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny giňden wagyz etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlara ajaýyp arzuwlaryny beýan etdi.
“Nesil” gazeti,
28.02.2019ý.