Sagdyn ruhuň, berk bedeniň möhüm şerti
Her bir ýakymly waka göwün göteriji täsirleri bilen köňlüňi hem-de süňňüňi gurşap alýar. Edil sungata mahsus aýratyn häsiýetleriň, ýürege täsir edijilik ukybynyň hut sporta hem degişlidigini ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan halkara derejeli sport ýaryşlarynyň mysalynda hem kesgitläp bolýar. Sportuň dürli görnüşleri tebigatyň dürli-dümen tebigy melhemleri, dermanlary ýaly bolup, ynsanyň süňňüni, köňlüni hem-de ruhuny gözelleşdirmek, olary sagdyn saklamak üçin bire-bir emdir. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary halkara derejelerine çykdy. Olaryň arasynda awtomobil sporty hem bar. Sportuň bu görnüşi boýunça yzygiderli türgenleşikleri we dürli derejedäki ýaryşlary guramak üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz welosiped we awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanyp, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda olaryň ösdürilmegine hem goldaw berýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli çäreleriň hemmesi halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa çagalaryň we ýaşlaryň beden saglygynyň üpjün edilmegine, olarda maksada okgunlylygyň, pugta erkiň we oňyn endikleriň terbiýelenmegine gönükdirilendir.
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşlygyň çäginde, Içeri işler ministrliginiň sport ulag merkezine hem bardy.
Içeri işler ministri hormatly Prezidentimizden täze sport ulagynda diň meýdançasyna badalga bermegini we ony synagdan geçirmegini haýyş etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz «Nissan» kysymly täze sport ulagyna atlanyp, ilki bilen ulagyň synag sürüşini amala aşyrdy we ýoluň aýratynlyklaryny öwrendi.
Synag sürüşinden soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagyna ýokary derejede erk etmegiň ussatlygyny görkezip, diň ýoly boýunça birnäçe çylşyrymly öwrümleri we ýokary tizlikde beýleki hereketleri ýerine ýetirdi. Çylşyrymly sürüşi tamamlap, milli Liderimiz özüniň ussatlygyny we bu ugurda toplan baý tejribesini ýene bir ýola subut etdi.
...Drift boýunça ussatlyk görkezen hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasynyň ulaglarynyň artykmaçlyklaryny belläp, dünýäde iri awtomobil öndürijiler bilen tejribe alşylmagyň zerurdygyny aýtdy.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmegiň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgeleriniň biridigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen gürrüňdeşlikde gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýny oýnalypdyr diýip belledi. Dünýäde giňden ýaýran golfuň gadymy türkmen oýny bolan çilik bilen ugurdaşdygyny bellemeli. Çilik adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär hem-de kuwwat berýär. Bu oýnuň ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýeti bar. Bu oýun bedeni taplamak bilen birlikde, ýürekdamar, süýji kesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamyň aň-bilim hem-de sport başarnygyny artdyrýar. Lukmançylyk boýunça abraýly hünärmenler golf oýnunyň ynsan ömrüni uzaltmakda örän möhümdigini tassyklaýarlar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhynda häzirki zamanda dünýäde giňden ýaýran sport oýunlarynyň döremegine esas bolan halk oýunlary aýratyn orun eýeleýär. Olar terbiýeçilik we çylşyrymlylyk taýdan gitdigiçe çuňlaşdyrylypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Golf meýdançasyna baryp, bu ýerde dünýäde meşhur hasaplanylýan sportuň bu görnüşi bilen meşgullandy. Halkara derejä laýyk gelýän Aşgabadyň golf meýdançasy iň gowy daşary ýurt tejribesi esasynda häzirki zaman tehnologiýalaryň we ýokary derejeli hünärmenleriň — dünýä golf-binagärleriniň bilimlerini hem-de ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak arkaly taýýarlanan täsin taslamadyr. Onda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we dizaýnerleriniň başarnyklary jemlenendir. Golf klubunyň açylmagy bilen bu oýny wagyz etmek üçin ygtybarly binýat tutuldy. Oýnuň bu görnüşi bilen köp sanly meşgullanýanlaryň hatarynda ýurdumyzda eýýäm tejribeli türgenler kemala geldi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak adaty ýörelgä öwrüldi. Sagdyn ruhuň, berk bedeniň möhüm şerti bolan sport beýleki durmuş özgertmeleriniň ilerlemegine kuwwatly itergi berýär. Sport ulgamynda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň çygrynda köpçülikleýin hereketiň täze ugurlary kemala gelýär.
“Nesil” gazeti,
26.02.2019ý.