TÜRKMENIS­TAN — DOST-DOGANLYGYŇ ÝURDY

21-nji fewralda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ilkibaşdan özara ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, iki halky birleşdirýän, taryhyň dowamynda emele gelen ruhy-medeni gatnaşyklar bilen şertlendirilendir.

Özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Prezidentleri türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hemde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler. Şunda sebitiň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge üns berildi. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalara seredildi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde öňde durýan esasy meseläniň sebitde berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, bu ugurda ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şu maksada ýetmekde, sebitdäki işleri netijeli ösdürmekde esasy şertleriň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz telekeçilik ulgamynyň iki ýurduň bazarlaryna ynamly girmelidigini aýdyp, senagat harytlary önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlar ýaly bilelikdäki kooperasiýanyň dürli görnüşleriniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Häzirki döwürde ynsanperwer ulgamy hem hyzmatdaşlygyň zerur tarapydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Şoňa göräde, Owganystana ynsanperwer kömegi bermegiň ýörite maksatnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Balh welaýatynda mekdep, Farýap welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa çaga dogrulýan öýi gurup, ulanmaga berdi. Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny geljekde hem dowam eder.

Goňşy döwletler bilim ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Owgan oglan-gyzlarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim alyp, döwlet gullugynda işleýär, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýär.

Häzirki döwürde hem owgan talyplary ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Owgan talyplaryny Türkmenistanda taýýarlamak geljekde hem dowam etdiriler.

Prezident Mohammad Aşraf Gani ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, «Lazurit» ulagüstaşyr geçelgesiniň (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ähmiýetini nygtady. Onuň netijeli ulanylmagy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir eder, giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder diýip, belent mertebeli myhman belledi we döwlet Baştutanymyza şu ýoly ösdürmek boýunça berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman uzakmöhletli häsiýete eýe bolan energetika ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň adyna Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga taýýarlyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy, şol ýerde professormugallymlar düzüminiň we talyplaryň öňünde çykyş etdi.

Goňşy döwletiň Baştutany talyplaryň sowallaryna jogap berip we sebitde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda owgan meselesini parahatçylyk ýol arkaly kadalaşdyrmak baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini hem-de wajypdygyny nygtady.

Owgan Lideri taraplaryň mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, berk erk-islegine daýanýan bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.

“Nesil” gazeti,

23.02.2019ý.