BAGTYÝAR BIZ ARKADAGLY DIÝARDA

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda altyn harplar bilen ýazyljak taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşmagy ähli jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň kalplarynda buýsanç duýgusyny oýardy. Bu duşuşykda ata Watanymyzy, şeýle halkara derejede öňe süren başlangyçlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr. Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys» diýmek bilen, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň öňünde jogapkärçilikli işleriň garaşýandygyny, döwletimiziň oňyn ösüşlerinde ýaşlara bil baglaýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň ýaş nesillere milliligimizi gorap saklamakda, agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde, ösen innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli nesli kemala getirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde alnyp barylmaly anyk wezipeleri goýmagy, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm ädimdir.

Döwlet Baştutanymyz bu maslahatda halkymyzy el-ele berip, bir maksada gulluk etmäge, agzybirlik bilen çekilen zähmetiň netijesinde döwletimizi mundan beýläk hem gülledip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyryp boljakdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz: “Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär” diýip aýtdy we şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidigi barada anyk wezipeleri goýdy.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda mundan beýläk hem döwletimiziň ýaşlar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmejekdigi barada nygtamak bilen, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrýan ýaşlar bolmalydygy, munuň üçin döwletimizde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda aýtmagy, ýaş nesliň ylym dünýäsine ynamly aralaşmagyna döwlet tarapyndan giň goldawlaryň berilýändigine şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesliň ylym bilen meşgullanmagy, olaryň kämil ylmy garaýşa eýe bolmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Şol işleriň çäginde ýurdumyzda innowasion, multimediýa enjamlary bilen doly üpjün edilen häzirki zaman bilim ojaklarynyň we edaralarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz “Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag” diýen türkmen halk nakylyny mysal getirip, jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamak babatda jemgyýetçilik guramalarynyň sanly bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegiň täze tapgyryny amala aşyrmaga giňden gatnaşmalydygyny nygtady. Bu bolsa iňňän gadymy döwürlerden bäri ylym-bilime edep-terbiýäniň açary, eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berip gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant boljak beýik işlere, täze ylmy açyşlara garaşylýandygynyň güwäsidir.

Bu günki gün eziz Watanymyzda telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda özleriniň işjeňligini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz duşuşykda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwründe ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmek barada aýdyp, Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň her biriniň ertirki güne ynamly garamalydygy dogrusynda belledi. Bu bolsa telekeçiligiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekdäki ähmiýeti bilen bir hatarda ýaşlar hakyndaky aladanyň ösüşiň islendik ugrunda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzy söýmekde, Watana wepaly gulluk etmekde, agzybirligimizi, jebisligimizi berkitmekde, durmuşda hem döredijilikde, müňýyllyklardan gözbaş alýan ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmekde, mirasymyza sarpa goýmakda ýaşlara aýdyň ýol, nusgalyk görelde görkezýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň duşuşykda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ajaýyp setirlerinden mysallary getirmegi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda Watana bolan çäksiz söýgini oýarmakda görelde mekdebi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň duşuşygyň ahyrynda ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagtynyň miýesser etmegini arzuwlamagy hem “Watan”, “Halk” diýen mukaddes sözleri biz — ýaşlaryň durmuşda hemişe şygar edinip ýaşamalydygymyzy ýene bir gezek tassyklady.

Maslahatda garalan meseleleriň aglaba böleginiň ýaşlar bilen baglanyşykly bolmagy bolsa, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil barada döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň çäksiz alada edýänliginden nyşandyr. Munuň özi ýaşlary ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, döredijilikli zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň bu duşuşykda öňümizde goýan wezipelerini, sargytlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, watançylyk terbiýesini giňden wagyz-nesihat etmekde, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, onuň dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna gijämizi gündiz edip, ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdigimize, ähli tagallalarymyzy Watanymyzyň beýik geljegine bagyş etjekdigimize ynandyrýarys.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri, Watan, döwlet, adam hakdaky beýik taglymatlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk hakdaky ýörelgeleri, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-nesihatlary ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir.

Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Ýaşlar hemişe Siziň bilen, Gahryman Arkadagymyz!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

16.02.2019ý.