18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi çagyryldy. Häkim welaýatda geçirilýän, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ählihalk ýowary barada durup geçmek bilen, häkime däbe öwrülen bu çärä ykjam taýýarlyk görmegi, agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemegi hem-de olara ideg etmek üçin şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Köpugurly hassahananyň hem-de Ýokanç keseller hassahanasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara täze guruljak hassahanalarda näsaglara ýokary derejeli kömegiň berilmegi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň hödürlenilmegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.
Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahaty Daşoguz, Lebap, şeýle-de Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň, güýzlük bugdaýyň we gowaçanyň bereketli hasylyny almak boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň häkimini göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz islendik desga bina edilende, onuň ýokary hilli gurulmagynyň we gurluşyk möhletleriniň berk berjaý edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belläp, paýtagtymyzyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şol maksat bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini ulanmak, şäher hojalygynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy babatda DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ähmiýetiniň has-da artýandygyny nygtap, ýurdumyzyň diplomatik gullugy dünýä hem-de sebit ösüşiniň şu günki ýagdaýlaryny hasaba almak bilen we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alyp, toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar diýip belledi. Bu bolsa halkara gatnaşyklar we diplomatiýa boýunça Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny barha ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň okgunly ösmegine, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
21.02.2019ý.