Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde dowam edýän gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy.
Hepdäniň çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyk meýdançalarynda birnäçe desgalarda, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşyp, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribelerini utgaşdyrmak, bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de olary öz wagtynda ulanmaga bermek esasy talaplar bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan täze döredijilikli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly ösüp, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Aşgabat öz çäklerini ýylsaýyn giňeldýär, onuň binagärlik toplumynyň üsti bolsa, täze jaýlar we desgalar bilen ýetirilýär.
Milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine tarap ugur aldy. Aşgabadyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen künjegi bolan Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýär. Bu ýerde dürli maksatly binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz ilatyň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, şunuň bilen baglylykda, ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerine örän jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz uçuşy şäheriň demirgazyk künjegi boýunça dowam etdi. Bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde täze şäheri gurmak meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde amala aşyryljak gurluşyk işlerine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we munuň üçin degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşygyň gerimini nazara almak bilen, ony tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Täze binalar we desgalar gurlanda zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegini göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.
Gurtly köli we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu künjekde dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, suwa düşülýän ýerleriň gurulmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Köşä tarap ugur aldy, bu ýerde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar, bu taslama durmuş maksatly desgalaryň iri toplumyny, şol sanda birnäçe gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurluşygyny özünde jemleýär. Bu ýerde işler desgalaryň ygtybarlylygyny we seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny nazara almak bilen döwrüň talabyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Şeýle hem şäheriň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar. Binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, bu ýerde seýilgähler, gök zolaklar peýda bolar, binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyz amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmeginiň paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belläp, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän meýdançada ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň beýik oglunyň — döredijilik mirasy dünýäniň medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň görnükli şahyrynyň we akyldarynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň ähmiýetini belläp, bu taslama amala aşyrylanda milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz uçuşy dowam edip, «Welosiped» binasynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýeri synlady. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty ýurdumyzda netijeli ösdürilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etdi, munuň özi ýurdumyzda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan Fransiýanyň «Buig Batiman» kompaniýasyna ynanylan desgalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy.
Täze gurulýan desgalaryň hatarynda Halkara kongres merkeziniň binasy we kaşaň myhmanhana bar. Bu häzirki zaman binalaryň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgatlaryna öwrüljekdigini bellemeli. Şeýle hem şäheriň bu künjeginde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün ediljek «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar. Ýakyn wagtda olar şäheriň binagärlik toplumlary bilen bitewi sazlaşygy emele getirer.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, welaýatlaryň her birinde häzirki zaman ekerançylyk hem-de maldarçylyk toplumlary döredilmelidir. Şeýle hem oba hojalyk önümçiliginde telekeçilere aýratyn orun degişli bolmalydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri obasenagat toplumynda has-da işjeňlik görkezýärler.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegini, halkymyz üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz uçuşy tamamlap, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallalary etmegiň möhümdigini belledi.
“Nesil” gazeti,
06.04.2019ý.