Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.
Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtalmaly zatlar. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi.
7-nji aprel güni Türkmenistan döwletimizde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Ir bilen Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guraldy. Oňa talyp ýaşlar, dürli pudaklaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki meýdançalarda türgenleriň görkezme çykyşlary we milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, dürli bäsleşikler guraldy. Baýramçylyk çärelerine hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy. Milli Liderimiziň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda: «Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky ala- dalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris» diýip bellenilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa komiteti we dürli sport federasiýalary bilen ýygjam hyzmatdaşlykda sportuň köp görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär. Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hereket edýär. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesi- niň stadionyna geldi.
Milli Liderimiz bu ýerde Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen duşuşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýakyn geljekde dünýä we yklym derejesinde welotrek, futzal, boks, kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça gepleşikler geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sambo federasiýasyna ýurdumyza 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi ynanandygy üçin minnetdarlyk bildilýärin. Aşgabatda şeýle ýokary derejeli ýaryşy geçirmek biziň üçin uly hormatdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Sport häzirki döwürde jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Türkmen türgenleri bütin dünýä sport hereketine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň dürli derejede guralýan ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri, medallary hormatly Prezidentimiziň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän ünsüniň we zehinlileri ýüze çykarmak, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.
Olimpiýa şäherçesinde geçirilen dabara gatnaşýanlaryň hatarynda ACB (Absolute Championship Berkut) çempiony we Absolute Championship Akhmat (АСА) turniriniň çempiony bolan garyşyk başabaş söweş boýunça dünýäniň iki gezek çempiony, ýarym agyrlyk derejede çykyş edýän Türkmenistanyň ilkinji wekili Döwletjan Ýagşymyradow hem bar.
Döwletjan ýokary derejeli sportda 2012-nji ýyldan başlap, özüni synap başlady. Şol döwre çenli ol karate boýunça Türkmenistanyň 24 ýaşly çempiony we frifaýt hem-de greppling boýunça Harkow oblastynyň çempiony derejesine mynasyp boldy.
Kaşaň stadionlarda D.Ýagşymyradow ýeňijiniň münberine hemişe türkmen Baýdagy bilen çykdy we Watanyna bolan buýsanjyny mälim etdi. Ýakynda ol Warşawada geçirilen bäsleşikde АСА-nyň çempiony bolanynda hem türkmen Baýdagyny ýanyndan goýmady. Şonda ol ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we goldandyklary üçin bolsa ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu wakany göni ýaýlyma çykýan köp ýurtlaryň synçylary aýratyn bellediler we D.Ýagşymyradowy watansöýüji türgen hökmünde atlandyrdylar.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti we wajyplygy ýokarlandy. Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň we gyzlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň ösmeginde wajyp hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmagydyr» diýip belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.
“Nesil” gazeti,
09.04.2019ý.