WATANYMYZYŇ ZAMANABAP ÖSÜŞLERI

Öňňin hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, welaýatlarda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklara taýýarlyk görmek boýunça möhüm wezipelere garaldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, ony has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň köpugurly we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekmek bilen, bu işlerde paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini alyp barmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berip, innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagynyň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmegiň döwrebap ýollaryny salgy berýär. Munuň şeýledigine, ýaňy ýakynda tanyşdyrylan Aşgabat şäheriniň demirgazyk bölüminde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalaryny synlanyňda doly göz ýetirmek bolýar.

Sanly wideoaragatnaşyga gatnaşýan welaýatlaryň häkimleri ýerlerde alnyp barylýan işler barada, gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler, welaýatyň ekin meýdanlarynda amala aşyrylýan beýleki agrotehniki çäreleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalaryny berk berjaý etmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň bereketli hasyly almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellemek bilen, meýilleşdirilen işleriň öz möhletinde guralmagyny talap etdi.

Mundan başga-da, welaýatlaryň häkimleri gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada hem habar berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy yzygiderli ösýär, geljek üçin ösüşiň tapgyrlary meýilnamalaýyn durmuşa geçirilýär. «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürme­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin maksatnamasyny», Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeklerinde täze häzirki zaman obadyr şäherçeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köpsanlysynyň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam etdirilip, munuň özi, halkyň hal-ýagdaýynyň derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, sebitlerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny wideokonferensiýa arkaly dowam edip, onda, hususan-da Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakadygyny belläp, onuň türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryna laýyk derejede guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Bu ýerde döwrebap tehnologiýalary, ösen dünýä tejribesini özünde jemleýän häzirki zaman şäheri peýda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz şeýle şäherleriň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulmagy barada alada ediljekdigini aýtdy.

Milli ykdysadyýeti ösdürmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi barha artdyrylýar. Halkyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün etmegi başarýan döwletde mümkin bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Şonuň ýaly-da, Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze şäherçeleriň gurulmagy bilen baglanyşykly degişli resminama gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň ýene biri bolsa, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek täze obanyň gurluşygynyň taslamasydyr. Bu oba 68,8 gektar meýdany eýeläp, ol iki tapgyrda gurlar.

Berkarar Watanymyzda gurulýan desgalaryň belentden-belentligi, milli äheňli binagärlik aýratynlyklary, bezeg işleriniň gözelligi, olarda adamlaryň ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň döwrebap şertleriň döredilýändigi ýurdumyzyň raýatlaryny çäksiz buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent waspyny şöhlelendirýär.

“Nesil” gazeti,

11.04.2019ý.