10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediljek täze binanyň düýbüni tutmak çäresi ýatda galyjy dabaralara beslendi. Bu bolsa ýurdumyzda tutulýan tutumlaryň binýadynyň berkdendigini, uludandygyny ýene bir ýola görkezdi.
Türkmenistanda täze nusgadaky şäheriň gurluşygyna badalga berilmegi milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegidir. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär
...Dabaranyň geçýän ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän özgertmeler eýýamynyň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjek şanly wakanyň şaýatlary bolýan köp sanly adamlar ýygnandylar. Ähli ýerde Döwlet baýdaklary pasyrdap, täze gurluşygyň möçberlerini beýan edýän şekiller, çyzgylar goýlupdyr. Şeýle hem bu ýerde Ahalyň dag eteklerinde biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärlikleriň şekilleri görkezildi. Bu ýerde ak öýler oturdylyp, türkmen toýlaryna mahsus dessurlar, şol sanda toý däpleri, milli oýunlar, senetkärlik eserleri görkezildi. Bu ýerde äpet haly dokaýan kyrk gyzyň hünäri has-da täsirli boldy.
Giň möçberli gurluşyk işleriniň başlanjak ýerinde bagşylaryň owazy ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň çykyşy bilen utgaşdy. Köp sanly janköýerler pälwanlaryň tutluşyklaryna tomaşa etdiler. Ýigitler «Ýaglyga towusmak» oýnuny ýerine ýetirdiler, ýaşajyk oglanlar bolsa aşyk oýnadylar we beýleki oýunlara gümra boldular. Sahnalaşdyrylan çykyşlarda gadymy türkmen elipbiýiniň harplarynyň şekilleri peýdalanyldy. Munuň özi tomaşaçylary Oguz han döwrüne syýahata çagyrdy.
Şeýle hem bu ýerde taryhy pursatlaryň özboluşly beýanyna öwrülen tutuş şäheriň keşbi janlandyryldy. Onda belli milli binagärlik ýadygärlikleri, şol sanda meşhur Änew metjidiniň, Paryzdepe ýadygärliginiň, şöhratly Parfiýa galasynyň, Şähryslamyň şekilleri bar. Onuň ýanynda bolsa Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri hem görkezildi. Olar täze nusgadaky şäherde bina ediljek Ruhyýet köşgüniň, medeniýet merkeziniň, kitaphananyň, muzeýiň, welaýat häkimliginiň binasynyň, köpugurly hassahananyň we beýleki birnäçe desgalaryň taslamalarydyr. Bularyň ählisi ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde emele geler.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häzirki zaman dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine barmagy aýratyn öwüşgine beslendi. Milli Liderimiziň: «Şu gün ägirt uly taslamanyň — tutuş şäheriň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine badalga berilýär. Şunuň ýaly giň möçberli taslamalary amala aşyrmak, pugta ykdysady binýady we örän uly ösüş ugurlary bolan ýurda başardýar» diýip aýdan sözleri dabara ýygnananlaryň Watanymyza bolan söýgüsini, onuň ösüşlerine bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Bu merkeziň gurluşygyna özgertmeleriň geçirilýän ýyllarynda toplanan şähergurluşyk tejribelerine esaslanyp başlaýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kompaniýalarynyň özlerine ynanylan möhüm gurluşyk taslamalaryny ynamly durmuşa geçirýändiklerini aýtdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda agrosenagat kärhanalary we senagat toplumlary, täze nusgaly ýaşaýyş toplumlary we şäher nusgaly şäherçeler gurulýar.
Ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da, kottejleriň hem uly toplumlary gurulýar. Bu hem raýatlarymyzyň hususy isleglerine we ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny saýlap almagynda mümkinçilikleri barha giňeltmäge şert döredýär. Aşgabatda şeýle ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna Çoganlyda badalga bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek hem-de Watanymyzyň her bir raýatynyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatynda alyp barýan netijeli syýasatynyň miweleridir.
Munuň bilen birlikde ýurdumyz senagat taýdan güýçli depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini birleşdirýän täze ulag ýollary gurulýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy uly depginler bilen dowam etdirilýär. Bu ýollar Ahal welaýatynyň çäklerinde birleşip, ýurdumyzyň gündogarynda we günbatarynda ýerleşen iki çetki sebiti özara baglanyşdyrar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe tarp ýerden başlanýandygyny aýdyp, hut şu ýerde — Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň şöhratly sene ýazgysynyň täze, ajaýyp sahypasynyň ýazyljakdygyny belledi. Bu şöhratly sene ýazgysy dowam etdiriler. Ony geljekki nesillerimiz hem dowam etdirerler.
Taslamanyň çuňňur manysy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Ahalyň dolandyryş merkeziniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgam emele getiriji innowasion düzüm böleginiň binýadynyň goýlandygyny belledi. Geljekki şäheri gurmak üçin geljekde durmuşyň nähili boljakdygyny anyk bilmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ony, sanly we intellektual ulgamlarsyz, ýokary tehnologiýalarsyz göz öňüne-de getirip bolmaz. Olar biziň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşýarlar. Ýöne, dünýäniň umumy ösüşi bilen deň gadam urmak bilen bir hatarda, özümiz üçin we geljekki nesillerimiz üçin milli mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy, köpasyrlyk medeniýetimizi we däp-dessurlarymyzy hem aýawly saklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu meseläniň ýaşulular, deputatlar bilen maslahatlaşylandygyny, ilatyň pikiriniň öwrenilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz taslamada arassaçylyk, suw we beýleki ýagdaýlaryň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Täze şäher welaýatyň ähli ilaty üçin amatly bolar. Bu ýere ýollar çekilip, ähli etraplardan we obalardan dürli ulaglar gatnar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda düýbi tutulan şäher 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendir. Bu ýerde iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalaryň sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.
Şeýle hem 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebi, iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar gurlar. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy, muzeý, häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almaklary üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.
Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bu desgalar Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde bitewi ulgamy emele getirer diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, iň häzirki zaman durmuş gurşawy dörediler. Bu bolsa, diňe bir bu ýere köp sanly ýaşaýjylary çekmän, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetini düýpli özgerder. Onuň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyz üçin edýäris. Her bir maşgalanyň we raýatyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýäris diýip, milli Liderimiz belledi we döwletimiziň şu maksatlar üçin zerur bolan serişdeleri gönükdirjekdigini aýtdy. Nesip bolsa, ýene-de üç-dört ýyldan gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, ajaýyp şäher dörär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.
Milli Liderimiz bu taryhy waka mynasybetli geljek nesillere ýadygärlik ýazga gol goýup, şowhunly el çarpyşmalar astynda geljekki nesillere niýetlenen gutyny binýada oklady.
Bu ýerde täze şäheriň düýbüniň tutulýan binýady Oguzhanyň sekizburçluk ýyldyzynyň şekilinde döredilipdir. Munuň özi asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň paýhasly pederleriniň asylly ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçirilip gelnendiginiň subutnamasydyr. Dabara güni bu ýörelgäni mynasyp dowam etdirjek nesillerimize niýetlenen ýadygärlik ýazgyly guty hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze şäheriň binýadyna atyldy. Milli Liderimiz täze desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atmak bilen, bu çägiň toplumlaýyn esasda özleşdirilmegine we täze şäheriň gurluşygyna badalga berdi.
Täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyndan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe metjidine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz din wekilleri bilen söhbetdeşlikde türkmen halkynyň asylly däpleriniň ýaşlaryň watansöýüjilik we ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde ähmiýetlidigini belläp, durmuş ulgamynyň ýurdumyzyň we onuň okgunly ösüşiniň gymmatly serişdesidigini nygtady.
Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk, asudalyk, halkyň agzybirligini, saglygyny, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmagyny arzuw edilip, aýat-töwir okaldy. Aýat-töwirden soňra milli Liderimiz bu ýerde berlen sadaka gatnaşdy.
Aýat-töwirler okalansoň, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, berlen sadakalaryň, edilen aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we agzybirlik bolsun, ýurdumyz rowaçlyklara beslensin!
Soňra bu ýere ýygnananlary ýene bir gezek şu günki şanly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz olar bilen hoşlaşandan soňra bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
13.04.2019ý.