Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň kuwwaty barha artýar.
16-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Hormatly myhmany ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Asylly däbe görä, milli lybasdaky ýaşlar dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desselerini gowşurdylar. Koreý Liderine duz-çörek hödür edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirilip, onda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Onda ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän Koreýa Respublikasy Türkmenistany özüniň wajyp we ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar.
Soňky ýyllarda dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklary täze ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda Koreýa Respublikasynyň işewür we maliýe düzümleriniň wekilleri, şol sanda nebitgaz, dokma, lukmançylyk senagaty, gurluşyk pudagy, ulag hem-de aragatnaşyk, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikleriň açylýandygyny äşgär edýär.
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň şu ýylyň fewral aýynda Seulda geçirilen 7-nji mejlisiniň netijeli häsiýete eýe boldy. Şol günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirilipdi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekildi.
«Merkezi Aziýanyň bahar festiwaly» atly giň möçberli çäräniň çäklerinde 20-nji martda Seulda açylan sergide Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty görkezildi. Koreýanyň halkara alyşmalar gaznasy tarapyndan guralan bu festiwal Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu senäni halkara baýramy hökmünde yglan etmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyldy.
Dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet saparyna bagyşlanyp geçirilen duşuşyk onuň aýdyň mysalydyr. Oňa iki ýurduň hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşiniň derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek, gaz-himiýa önümleriniň önümçiligi we nebithimiýa toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly taslamalaryň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek boýunça birnäçe anyk ugurlar kesgitlendi. Ylmy-tehniki we tehnologiýa babatda tejribe alşylmagyna hem aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşanlar ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy özboluşly ruhy hem-de maddy medeniýete baýdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyny we dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirer.
Duşuşygyň ahyrynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda durmuşa geçiriljekdigine hem-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara peýdaly däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
“Nesil” gazeti,
18.04.2019ý.