17-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar we onuň bilen geljekde hem taraplaryň uly kuwwatyna, erk-islegine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Milli Liderimiz türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini belläp, Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze anyk mazmun berjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Mun Çže In mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin esasda üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň durnukly ösüşiniň meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Koreýa Respublikasynyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak babatda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýurdumyz ulag pudagyny halkara bileleşigiň agza döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmeginiň möhüm ugry hökmünde görýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy forumy geçirildi. Biziň ýurdumyz senagatlaşmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda Türkmenistan koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga bil baglaýar.
Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemegi bilelikdäki netijeli işleriň aýdyň mysalydyr. Olar özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde tanadyp, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol taslamalaryň hatarynda «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny aýratyn bellemek gerek.
Söwda gatnaşyklaryny berkitmek, bar bolan hem-de geljegi uly bilelikdäki ykdysady taslamalary utgaşdyrmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeltmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işjeňligini güýçlendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz bilelikdäki türkmen-koreý Işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi.
Milli Liderimiz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň mäkäm binýady bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat bilen garaýarlar. Soňky 11 ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýörite bölüm hereket edýär. Bu ugry ösdürmek maksady bilen, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň binýadynda Patyşa Sejong instituty gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş okuw merkezini açmak hakynda çözgüt kabul edildi.
Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 170-den gowragy bilim aldy we okuwlaryny dowam etdirýärler.
Döwlet Baştutanymyz gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda Aşgabatda medeniýet we sungat işgärleriniň türkmen-koreý maslahatyny geçirmegi teklip etdi.
Prezident Mun Çže In Koreý ýarym adasynda parahatçylygyň berkarar bolmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň başlangyçlaryna, şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly taslamalaryna berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ýokary derejedäki geçen duşuşygyň umumy gülläp ösüş ugrunda ähmiýetli pursada öwrüljekdigine umyt bildirildi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Taraplaryň ekologiýa hem suw pudaklarynda tejribe we bilim alyşmak hakynda ylalaşyp, bu ugra degişli meseleleriň wajypdygyna umumy düşünilýändigi bellenildi. Prezident Mun Çže In ählumumy «ýaşyl» ösüş institutyna goşulyşmak hakynda Türkmenistanyň çözgüdini mübärekläp, Araly halas etmek meselelerini goşmak bilen, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygy we rowaçlygy ugrundaky işlerde goşanda öwrüljekdigini nygtady.
Iki döwletiň Baştutanlary gepleşikleriň dowamynda Koreý ýarym adasynyň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Koreý ýarym adasynda ýadro ýaragsyzlanmagy we pugta parahatçylygyň berkarar bolmagy boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan ýörelgäniň ähmiýeti bellenildi. Bu bolsa tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ähmiýetlidir.
Şol gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki döwletiň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
* * *
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýany bilen gelen maşgalasy hanym Kim Çžon Suk Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Ýokary derejeli myhman muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, elde dokalan halylaryň — türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy we häzirki zaman önümleri bolan ajaýyp nusgalaryna tüýs ýürekden guwandy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem gatnaşdy.
Şol gün hanym Kim Çžon Suk Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hem baryp gördi we bu ýerde bilim alýan talyplar bilen duşuşdy.
* * *
18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.
Bu iň häzirki zaman gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda bilelikde amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanlary polimer zawodyna gelenlerinden soň, toplumyň çäginde ýörite gurnalan çadyra bardylar. Bu ýerde zawodyň direktory hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýasy tarapyndan taslamanyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmanlary kärhananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Tanyşdyrylyş çäresi wideofilmiň görkezilmegi bilen utgaşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, iň häzirki zaman toplumynyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge, onuň hasabyna her ýyl 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndürmäge mümkinçilik berýär. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metr harytlyk gaz ýangyç hökmünde peýdalanmak üçin geçiriji ulgamlara akdyrylýar.
Bu zawod Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan satyn alnan enjamlar bilen üpjün edilendir. Onuň düzüminde esasy dört tehnologiýa ulgamy: gazy süzgüçler arkaly arassalamak, etany gaýtadan işlemek, polietileni we polipropileni öndürmek boýunça tehnologiýalar bar. Işleriň hemmesi awtomatlaşdyrylandyr we merkezi dolandyryş ulgamyna birikdirilendir.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polimer önümçiligi iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda amala aşyrylýar, çig malyň täsin çözgütler boýunça ähli goşundylardan çuňňur arassalanylmagy bu önümçiligiň tapawutly aýratynlygydyr.
Hususan-da, gazy süzgüçler arkaly arassalaýan ulgamda СOREFLUХTM tehnologiýasy peýdalanylýar, bu usul tebigy gazdan metany, etany netijeli aýyrmagy üpjün edýär, şeýle hem bütin dünýäde «turşy gazlar» diýlip atlandyrylýan we simap goşundylaryndan çig maly arassalamakda giňden peýdalanylýar.
Kärhanada polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi öndürilýär, olar ýokary gyzgynlyk derejesinde polimer çig malyna dürli goşundylaryň we dolduryjylaryň goşulmagy netijesinde alynýar.
Döwlet Baştutanymyzyň kanagatlanmak bilen belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar. Polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça nobatdaky häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de barha berkeýän dostlugyň aýdyň beýanydyr.
Jenap Mun Çže Iniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypany açan Gyýanly gazhimiýa toplumyna gelip görmegi onda uly täsir galdyrdy.
Bu taslamany durmuşa geçirmäge diňe iri kärhanalar däl, eýsem, kiçi we orta kärhanalaryň hem 124-si gatnaşdy. Şeýle hem koreý kompaniýasy kebşirleýji tehnologiýalar we elektrik işleri boýunça okuw merkezini açdy. Onda Türkmenistanyň işgärleriniň 230-sy okady. Bu bolsa iki ýurduň gatnaşyklarynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Prezident Mun Çže In kärhananyň tehniki we tehnologik üpjünçiliginiň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň energetika toplumynyň köp ugurlary boýunça öňde barýandygyny nygtady. Koreýa Respublikasynyň Baştutany gazhimiýa pudagynyň ägirt uly kärhanasynyň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi üçin hemme şertleriň bardygyny belledi.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Gyýanlydan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugradylar.
Milli binagärligiň däplerini hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwrebap desgalaryň toplumlary Awazanyň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirýär.
Deňiz ýakasynyň şypahana düzümini ösdürmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara howa menzili, awtoulag ýollary, kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny arassalaýan zawod guruldy. Döwrebap Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açyldy.
Hut taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde biziň üstümize belent jogapkärçiligi ýükleýär, ol diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlyga we abadançylyga ýardam eder diýip, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, ýene-de bu gadymy ýoluň ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş eden türkmen Lideri belleýär.
Döwletleriň Baştutanlary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip, birek-birege üstünlikler we iki ýurduň halklaryna parahatçylyk hemde abadançylyk arzuw etdiler we mähirli hoşlaşdylar. Türkmenistana döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti biziň ýurdumyzdan ugrady. Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza geldi.
“Nesil” gazeti,
20.04.2019ý.