ÖSÜŞIŇ ÖZENINDE SANLY YKDYSADYÝET

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary degişli pudaklarda alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we beýleki guramaçylyk işleri barada hasabat berdiler.

Ilki bilen ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ulag-kommunikasiýa düzümlerini ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Ýol gurluşygyna, awtoulag ýollaryny abatlamaga we zerur ulanyş ýagdaýynda saklamaga, bu işleriň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge degişli meseleleriň çözülişi barada degişli wise-premýer hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu gün ulag ulgamynyň milli, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň hatarynda durýandygyny, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyza ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän pudaklarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýangyç-energetika toplumynda uly işler durmuşa geçirilýär. Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça giň gerimli iş alnyp barylýar. Gorlary boýunça baý bolan bu ýatagy işläp taýýarlamagyň geljegi uludyr. Uzynadada ýerleşen guýy Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň guýy hasaplanylýar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berjekdigini, önümçiligiň okgunly ösüşiniň ähli pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi, iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikiri we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen üpjün ediljekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hem hasabat berildi. Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän Akýaýla diýen ýerde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bilen balykçylyk, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan degişli düzümler dörediler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary söwda toplumynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamyň öňünde kesgitlän ilkinji derejeli wezipelerini çözmek, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen degişli çäreleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz söwda pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de sanly ulgama geçirmegiň zerurdygyny belläp, ýurdumyzda ylmy önümçilige degişli harytlaryň eksportyny we ösüşini höweslendirmegiň toplumlaýyn ulgamyny, onuň innowasion düzümlerini kemala getirmek meselelerine ünsi çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ony sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategik özgertmeler babatda intellektual ulgamlary hem-de iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berildi. Milli Liderimiz wise-premýere sanly özgertmeler boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini, şunuň bilen baglylykda bilim, ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler, döredijilik we baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde konsertler, edebi-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler we sergiler, sirk çykyşlary, sahna oýunlary we beýleki çäreler geçiriler.

Soňra döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy barada hasabat berildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, halkara ylmy maslahaty hem-de ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy we dürli görnüşli bäsleşikler guralar. Iň owadan ahalteke bedewini saýlamak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlener.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda hasabat berildi. Bu gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

23.04.2019ý.