22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň hemde welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, tomus möwsümine taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada hasabat berdi. Şeýle-de şähergurluşyk taslamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, bina edilýän desgalaryň bellenilen talaplara laýyk gelmegi boýunça görülýän çäreler hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň medeni maksatnamasy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde arassaçylygy berjaý etmek boýunça çäreleriň toplumyny üpjün etmek bilen, bu işi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Paýtagtymyzda gurulýan dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň hiline aýratyn üns bermelidigini aýdyp, şunda howpsuzlygyň, ähli binalaryň we desgalaryň daşky bezeginiň, olaryň ulanylyşynyň we estetiki taýdan gözelliginiň, adamlar üçin amatlylygynyň baş talap bolup durýandygyny belledi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi hasabat bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna we meýdandan alynýan hasylyň artdyrylmagyna, bu ulgamda iň gowy tejribäniň ýaýradylmagyna gönükdirilen ylmy tehnologiýalary hem-de täzeçil usullary ornaşdyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen birlikde milli Liderimiz sebitde düzümleýin desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.
Soňra sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaz-meýdan işleriniň hiline, tehnikanyň we beýleki serişdeleriň netijeli peýdalanylyşyna degişli häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häkime häzirki zaman nusgaly täze obanyň gurluşygyna guramaçylykly girişmegiň möhümdigini nygtady, ol «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde peýda bolar.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi sebitdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýerlerde ekiş möwsümini utgaşdyrmagy güýçlendirmegi hem-de şol bir wagtda boý alan bugdaýlary galla oragyna toplumlaýyn taýýarlamaga girişmegi häkimden talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şaly ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim welaýatda gowaça ekişiniň barşy, oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri, şaly ekmek üçin bölünip berlen meýdanlarda topragy taýýarlamak işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz giň gerimli ýaz-meýdan işlerine girişilen şalyçylyk hojalyklaryny zerur bolan ähli tehniki serişdeler bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Häkime galla oragyna ýokary derejede taýýarlyk görmek, welaýatda gurulýan desgalaryň hiline gözegçilik etmek, şeýle hem dünýä belli ahalteke bedewlerine bagyşlanan baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça görkezmeleri berdi.
Öz nobatynda Mary welaýatynyň häkimi sebitdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlaryny iýmitlendirmek, gowaça ekişini agrotehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli geçirmek boýunça alnyp barylýan depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ugry boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly sene bolan Türkmen bedewiniň milli baýramyny guramaçylykly geçirmek we baýramçylygyň çäklerinde guraljak dürli medeni çäreler, bäsleşikler barada giňişleýin durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de onuň taryhy, medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bedewleriň şanyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylygyň çäklerinde guralýan çäreleriň aýratyn derejesini belläp, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Milli Liderimiz ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere ugradyp, bu resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, onda garalan meseleleriň wajypdygyny, iş maslahatynyň dowamynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
25.04.2019ý.