Öňňin hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi. Wise-premýer Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň söwda ugry boýunça sebitleýin tehniki kömek taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aziýanyň ösüş bankynyň BMG ÖM hem-de birnäçe abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda başyny başlan CAREC maksatnamasyna 2010-njy ýylda goşulan Türkmenistanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly sebit ykdysady birleşmesine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz CAREC maksatnamasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça wisepremýere anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk we goýberiş-sazlaýyş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazdan ýangyç öndürýän, dünýä tejribesindäki ilkinji zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini nygtady.
Şeýle-de nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky meýilnamalar düzülende, ylym bilen baglanyşykly, ekologiýa taýdan howpsuz önümçilikleriň döredilmeginden, döwrebap tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki çözgütleri ornaşdyrmakdan ugur alynmalydygyny nygtady.
Wise-premýere zawodyň açylyşyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda, pudagyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde ulanylýan belgiler barada aýdyp, daşary ýurtlarda toplanan tejribeden ugur alynmalydyr diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň içerki bazarlaryny balyk önümleri bilen üpjün etmek we onuň eksport möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hususylaşdyrmak işleriniň ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat toplumynyň netijeliligini artdyrmaga hem-de telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Milli Liderimiz wise-premýere anyk görkezmeleri berip, taýýar önümleriň hiliniň ýokary ölçegleriniň berjaý edilmeginiň üýtgewsiz baş ugur bolup galýandygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz suwuň her bir damjasyny rejeli hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň suw serişdelerini goramak, suw hojalyk desgalary gurlanda tygşytlaýjy tehnologiýalary we ulgamlary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny ulanmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň binýadynda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz himiýa senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.
Milli Liderimiz bu babatda wisepremýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary maý aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat bilen çykyş etdi.
Hor matly Prezidentimiz «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakyndaky» Permana gol çekdi.
Şeýle-de gazaply uruş döwrüniň şaýatlary bolan watandaşlarymyzyň hem-de zähmet weteranlarynyň ýaş nesil bilen duşuşyklaryny guramak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ylalaşdyryjylyk syýasaty watandaşlarymyzyň deňsiz-taýsyz edermenliginiň şanyna öçmejek ýadygärlik bolup durýar diýip, milli Liderimiz 9-njy maýyň hormatyna geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çärelerine we ýurdumyza geljek ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem netijeli daşary syýasy strategiýany üýtgewsiz durmuşa geçirip, döwletara görnüşde, şeýle hem sebit we dünýä derejelerinde netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny ösdürmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni we dünýä ülňülerini öwrenmegiň hem-de milli kanunçykaryjylyk tejribesine ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we milli kanunçylygy halkara kadalary bilen sazlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň goranyş ukyplylygyny has-da berkitmek hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmezligini, kanunçylygy we düzgün-tertibi, türkmen topragynda parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, milli kazyýet ulgamyny we prokuror gözegçiligini, gümrük düzgün-kadalaryny kämilleşdirmek, döwlet migrasiýa syýasatyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary, şol sanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bagly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňledi.
Ilki bilen welaýatlarymyzyň häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk hojalyklaryndaky wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Umumymilli baýramçylyga bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi häkimlere tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi we şu mynasybetli göz öňünde tutulan medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň ählisini öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini we hil babatda ýokary talaplara laýyk gelmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky» hem-de «Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky» Permanlaryň hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini baýraklar bilen sylaglamak hakyndaky Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamalara gol çekip, atşynaslary, seýisleri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasyny degişli derejede geçirmek barada görkezme berdi.
Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýakyn günlerde göz öňünde tutulan köp sanly möhüm baýramçylyk çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitabynyň ýene-de bir jildini ýazyp gutarandygyny habar berdi. Bu kitap behişdi bedewlerimiziň ýatdan çykmajak täsin gözelligine bagyşlanýar. Täze neşir eýýäm beýleki dillere hem terjime edildi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz onuň daşary ýurtly myhmanlarymyza hem gowşurylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň gutlag sözleri hem-de türkmen bedewleri baradaky täze kitabyň çapdan çykandygy baradaky habary şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.
“Nesil” gazeti,
27.04.2019ý.