26-njy aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi.
Her ýylda geçirilýän bu çäre ähmiýetli waka bolmak bilen, ol ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandyny alamatlandyrýan, milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň biridir.
2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak, şeýle hem alym-ippologlaryň we «behişdi bedewlere» gadyr goýýan beýleki hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça iş alyp barýan birnäçe atçylyk kärhanalaryny özünde jemleýän abraýly gurama öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösüşine laýyk gelýär.
Bu gezekki mejlisiň gün tertibine laýyklykda, ahalteke atçylygyny we halkara derejesindäki atçylyk sportuny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. Häzirki döwürde bu guramanyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem degişli çözgütler kabul edildi. Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň düzümine täze agzalary kabul etmek dabarasy boldy.
Bu gurama döredileli bäri, köp sanly daşary ýurtlular, şol sanda ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň wekilleri, ýuridiki şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy atşynaslar bu düzüme agza boldular. Häzirki döwürde assosiasiýanyň düzümine dünýäniň 32 döwletinden ýuridiki we şahsy agzalaryň 147-si girýär. Olaryň hatary ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Assosiasiýanyň döredilmegi dünýä ýüzünde şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýär.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralandyrylmagy halkymyzyň söýgüli bedewlere bolan çuňňur hormaty, olary ösdürip ýetişdirmegiň nusgalyk derejesi hakynda ähmiýetli çäreleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu gezekki baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekilleriň gatnaşmagy ahalteke bedewlerine bolan uly gyzyklanmanyň artýanlygyny tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmeti netijesinde tohumçylyk-seçgiçilik işinde oňyn tejribe toplandy. Bu bolsa tutuş adamzadyň hazynasyna mynasyp goşantdyr we ol häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli ugurlar boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, atşynaslaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy» ýaly hormatly atlar döredildi we olar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň atşynaslaryna berilýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza hem-de daşary ýurtly raýatlaryň birnäçesine sylaglar gowşurdy.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrmagynda «Behişdi ahalteke bedewleri» atly žurnalynyň neşir edilýänligini bellemek hem ýerlikli bolar. Onda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän makalalarda «behişdi bedewleriň» taryhy, ony seýislemegiň däpleri, milli we dünýä tejribesi barada gürrüň berilýär.
Türkmen ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň we oňa gadyr goýýanlaryň, şeýle hem olary saklaýanlaryň sany yzygiderli artýar. Türkmen atşynaslary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda özara peýdaly gatnaşyklar ýola goýulýar.
Ahalteke atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde Assosiasiýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, milli Liderimiz bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde daşary ýurtly myhmanlaryň hem birnäçesi çykyş edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň dünýäniň beýleki ugurdaş düzümleri bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini belläp, munuň ahalteke bedewleriniň tohumyny gowulandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, taryhy köklerini çuňňur öwrenmäge, çapyksuwarlyk sungatynyň aýratynlyklaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini nygtadylar. Şeýle hem ahalteke bedewlerine gadyr goýýanlaryň hemmesiniň birleşmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändigi hem-de atçylyk ulgamynyň dünýä ýüzünde ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygy üçin hormatly Prezidentimize aýratyn hoşallyk bildirdiler.
Soňra milli Liderimiz nobatdaky X ýubileý mejlisiniň geçiriljek ýerini kesgitlemek boýunça degişli çözgüdi kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda 2020-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X mejlisiniň Aşgabatda geçiriljekdigini yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.
Assosiasiýanyň bu gezekki mejlisi dünýäde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanmalaryň düýpli artandygyny äşgär etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ahalteke atçylygyny we atçylyk sportuny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna seredildi. Öňe sürlen işjeň teklipler netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini, gatnaşyklaryň özara baýlaşdyrylmagyny, tejribe alşylmagyny, pudak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleriniň ýaýradylmagyny şertlendirer.
“Nesil” gazeti,
28.04.2019ý.