Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy ruhubelentlik bilen geçirilip, oňa köp sanly dabaraly çäreler bagyşlandy. Baýramçylyk dabaralaryna ençeme ýurtlardan gelen myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ylmy maslahata hem-de ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka gatnaşyjylar bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bedewleriň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şol dabaralaryň hatarynda aýdyň wakalaryň birine öwrülip, şonda köpçülige ajaýyp ahalteke bedewleri görkezildi, emin agzalary olaryň içinden Parasat atly dor aty iň gowy bedew diýip saýladylar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Olar öz eserlerini behişdi bedewlere bagyşladylar.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy uly we dürli öwüşginli baýramçylygyň jemleýji dabaralarynyň merkezine öwrüldi.
Ol ýerde amaly-haşam sungatynyň, halk senetleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem häzirki zaman suratlarynyň, heýkelleriň, çeper suratlaryň, neşir önümleriniň we beýleki işleriň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Olaryň hemmesini «Ahalteke bedewi — milli baýlygymyz we buýsanjymyz» diýen mowzuk birleşdirdi.
Döwlet Baştutanymyz giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm ugra hem uly ähmiýet berýär, daşary ýurt iş saparlarynyň çäklerinde tejribe alşylmagy, şeýle hem Türkmenistanda iri halkara forumlaryň, pudaklaýyn sergileriň, dünýäniň iri atçylyk assosiasiýalarynyň we birleşmeleriniň agzalary bilen işewür duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy şol hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär.
Aşgabada ýörite gelen ýurdumyzyň sarpaly dosty — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu baýramçylygyň hormatly myhmany boldy.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary sergide görkezilýän halk döredijiliginiň eserlerini, däp bolan durmuş esbaplaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky sergide agaç çemçeler arkaly sazandarlyk edilmeginde aýdym aýtmak, pyýalalarda oýnamak arkaly sazy ýerine ýetirmegiň üýtgeşik görnüşlerini hem görmäge mümkinçilik boldy.
Deri eýleýän ussatlaryň önümleri hem — dürli telpekler hem-de ýüpek ýaly ýumşak garaköli baganadan tikilen beýleki önümler, şol sanda kümüşsöw-mawy we altynsow öwüşginli aýratyn gymmat görnüşli önümler daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Tatarystanyň Prezidentine bu täsin tebigy önümiň gadymdan bäri belli bolan bejeriş häsiýetleri barada gürrüň berildi.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary toplumyň çäginde gurlan atyň heýkeliniň ýanynda saklanyp, atçylyk sport düzüminiň nusgalyk desgasyna hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky gözellige öwrülen bu şäherjigiň binagärligi hakynda gürrüň etdiler.
Ine-de, aýratyn özüne çekiji tomaşa hyrydarlyk bilen garaşyp duran hemme adamlar toplumyň çäklerinde gurnalan manežiň töweregine ýygnandylar. Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hemişe şeýle bolýar.
Çykyşlardan öň oglanjyk bilen gyzjagaz maneže Rowaç atly taýy çykardylar, ol «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylyň ilkinji güni dünýä indi. Şonuň üçin milli Liderimiz oňa Rowaç diýen ady dakdy.
Ösüp, kemala gelen hem-de maňlaýynda ak tegmil bolan taýyň keşbinde eýýäm syratly we ýyndam atyň sudury görünýär. Hormatly Prezidentimiz maneže geçip, Rowaja käşir iýdirdi we onuň bilen biraz salym gezelenç etdi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri hem-de olaryň ajaýyp tälim alan atlary köp ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy. Häzirki gün bu topar dünýäde at üstünde dürli hereketleri amala aşyrýan iň oňat topar hasaplanylýar. Bu toparyň abraýly halkara bäsleşiklerde hem-de festiwallarda gazanan baýraklarynyň hatarynda diňe altyn baýraklar bar. Olaryň çykyşlary atlar bilen dürli hereketleri ýerine ýetirmek sungaty has-da şöhratlanýar.
Hormatly Prezidentimiz we Tatarystandan gelen myhman tomaşa edilýän ýere geçdiler. Ýoluň ugrunda Rowaç diýen aty myhmana tanyşdyrmak üçin ýene-de bir gezek Prezidentleriň ýanyna eltdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowy kabul etdi. Bu ýerde şeýle hem milli Liderimiziň Türkmen bedewiniň milli baýramyna Saud Arabystanyndan, Katardan, Bahreýnden gelen ýokary wezipeli myhmanlar bilen duşuşyklary geçirildi.
Çapuw ýodalarynda bolsa baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi we inçe aýakly ýyndam bedewler badalga nokadyndan öňe okdurylyp, dessine tizliklerini artdyrmak bilen, tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekdiler.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem uzak aralyga atly ýöriş, konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Sylaglamak dabaralaryna köp sanly daşary ýurtly myhmanlar — esasy halkara sport, atçylyk sport guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olaryň pikirine görä, degişli türgenleşik binýadynyň hem-de dünýä derejeli döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň bolmagy ýakyn geljekde Türkmenistanyň atçylyk sportunyň ykrar edilen dünýä merkezine öwrüljekdigini çaklamaga uly esas berýär. Bu ýerde iri ýaryşlar, atçylyk festiwallary, ýaşlaryň spartakiadalary, dünýä derejeli açyk ýaryşlar we çempionatlar geçiriler.
Ajaýyp dabaralaryň ahyrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi, soňra bolsa aýlawyň binasynyň ýanynda ýerleşen sahnada agtygy Kerimguly bilen «Rowaç» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Aýdymyň sözleri türkmenistanlylara bellidir — ol milli Liderimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň ilkinji gününde doglan taýçanaga bagyşlan adybir goşgusydyr, onuň sözlerine sazy bolsa döwlet Baştutanymyzyň agtygy ýazdy.
“Nesil” gazeti,
30.04.2019ý.