MILLI BUÝSANJYŇ BELENT WASPY

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we atly gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabynyň üstünde işlemegini dowam etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden uzakda bolmadyk künjekde ýerleşýän serhet galasyna bardy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ir säher bilen Şapolat atly bedewde gezim etdi. Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewleriniň gadyr-gymmatyny, hormatyny has-da belende götermekde mynasyp görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlere uly sarpa goýup, ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda atçylyk pudagy hemmetaraplaýyn ösdürilýär, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga giň ýollar açylýar, atşynaslaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny gorap saklamak we artdyrmak, dünýäde wagyz etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde ahalteke bedewleriniň şanly ýyl ýazgysy dowam edýär. Atçylyk sportunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirmeklik yzygiderli dowam etdirilýär.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde täze doglan alabaý güjüklerini synlady we asylly däbe görä, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, güjüklere at dakdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýörelgäniň çuňňur mana eýedigini we onuň taryhy geçmişden häzirki döwürlere çenli dowam edýändigini belledi.

Alabaý türkmen durmuşynda maşgala ojagynyň, abadançylygyň goragçysy bolup durýar. Alabaý itiniň ynsana ýakyn dostlugy, eýesine wepalylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy dünýä ylmynda ykrar edilýär.

Şöhratly ata-babalarymyz türkmen alabaýlary, ahalteke bedewleri we ajaýyp halylar ýaly bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan milli gymmatlyklary döredipdirler. Bu degişli ugurlar boýunça meşgullanýan adamlaryň yhlasyndan, olaryň irginsiz zähmetinden kemal bolan milli gymmatlyklar müňýyllyklaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, barha kämilleşdirilipdir we ösdürilipdir.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky islendik işiň başyna baranynda, oňa ýüregi bilen ýapyşyp, zehinini siňdirýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz pederlerimiziň döreden gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde kämillige eýe bolýandygyny, türkmen halkynyň ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary, aw tazylary we el halylary ýaly döreden gymmatlyklarynyň asyrlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmeýändigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş otagynda alabaýlar hakynda täze kitaby ýazmaga girişdi. Milli Liderimiziň döredýän eserleri Watanymyza, ene topragymyza, milli gymmatlyklarymyza söýginiň beýany bolmak bilen, halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde we ösmeginde tutýan orny diýseň uludyr. Türkmen alabaýlary örän akylly, çakdanaşa batyr köpekler hökmünde ykrar edildi. Şeýle hem olar duýujylyk ukyby örän ýokary bolan üşükli, aýratyn-da, gorag babatda tapylgysyz hasaplanylýar. Olarda eýesine öwrenişip, olar bilen uýgunlaşyp, adamlaryň ýakyn hemralaryna öwrülmek ukyby ösen bolýar. Bu bolsa milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaýlaryň ýagşylygyň tarapdarydygyny aňladýar.

Türkmen alabaýlary özlerini erkin duýýarlar. Şonuň üçinem olary haýsydyr bir endiginden el çekdirmek aňsat däldir. Özi üçin ýat adamlara olar şübhe bilen garaýarlar. Beýleki itlere bolsa olaryň garaýşy has-da ýowuz. Alabaýlaryň ýaşaýan maşgalasynyň agzalaryna garaýşy welin, ýakymlydyr. Olar bu öýüň çagalary bilen hasam mähriban bolýarlar. Alabaýlar çagalaryň ýanynda ene-atasy bolmasa, öwredilen ýaly, olara gözegçilik edip, çagalaryň ýanyndan aýrylmaz.

Alabaý itleriniň taryhyna degişli maglumatlaryň toplanylmagy, hususan-da ýurdumyzyň çäginde iň gadymy mekanlar hasaplanylýan Jeýtunda, Altyndepede, Marguşda gazuw-agtaryş işleriniň netijeli alnyp barylmagy bilen, milli gymmatlyklara degişli taryhy maglumatlar, şol sanda alabaý tohumdaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, Altyndepede biziň eýýamymyzda ozalky döwre degişli alabaýlaryň toýundan edilen heýkeljikleriň tapylmagy, şeýle hem tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrmagynyň türkmen halkynyň alabaýlar hakynda döreden nakyllarynyň miladydan öňki zamanyň müňýyllyklaryna aralaşýandygyny äşgär edýär.

Türkmen alabaýlarynyň tohumy asyrlarboýy kämilleşdirilip gelnipdir. Çopanlar kiçijik güjükleriň diňe kellesi ulularyny, ekabyrlaryny alyp, olary idedipdirler. Asyrlaryň dowamynda alnyp barlan milli seçgiçilik işleri alabaýlarda iň gowy häsiýetleriň we tohumlyk sypatlaryň saklanyp galmagyna we olaryň ösdürilmegine ýardam edipdir. Häzirki döwürde hem arassa ganly alabaýlaryň tohumyny köpeltmek işleri döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz täze kitaby döretmek işinde taryhy, ylmy maglumatlardan ugur alyp, olaryň täze eserde mynasyp orun eýelemegine möhüm üns berýär. Şunuň bilen birlikde, täze kitapda türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri hakyky dosty bolup gelýändigi baradaky gyzykly maglumatlara, olara dünýä alymlarynyň beren ünsi baradaky maglumatlara möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz döredijilik işini tamamlap, toplan maglumatlaryny ýene bir ýola gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz başlan işini dowam etmegiň ugurlaryny kesgitläp, bu günki işini jemledi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerden uzak bolmadyk serhet galasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerleriň gulluklary, olaryň dynç alşy we bu ýerde döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň döreden, umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen milli gymmatlyklary barada aýtdy. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary ýaly türkmen alabaýlarynyň hem halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerlere mukaddes çäkleri goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň degişli tälimleri geçensoň, mukaddes serhedi goramaga ukyply bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Dogrudanam soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen alabaýlary bilen ýörite okuw tälimleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz alabaýlary serhet gullugyna taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady, olara Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly jogapkärli wezipelerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

18.05.2019ý.