Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belläp, Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerine nägilelik bildirip, bu ugurda görülýän çäreleri işjeňleşdirip, gurulýan desgalaryň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegi häkimden berk talap etdi.
Milli Liderimiz ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçip hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny guramaçylykly geçirmäge amatly mümkinçilikleri döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmelidigini belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirmek baradaky meselä degip geçip, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli berjaý edilmegini, zyýan berijileriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak arkaly gymmatly ekine ideg edilişini bellenen möhletde guramagyň wajypdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sebitde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi boýunça gyzyklanyp, welaýatlaryň çagalar dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem mekdepleriň ýanynda döredilýän çagalar dynç alyş meýdançalarynda işleriň guralyşyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem 25-nji maýda bellenilýän «Soňky jaň» dabaralary mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we çäreleri uly türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine hemmetaraplaýyn düýpli taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, ony guramaçylykly geçirmek üçin hemme şertleri döretmegi talap etdi. Milli Liderimiz welaýatda pile taýýarlamagyň barşy bilen gyzyklanyp, ýurdumyzyň dokma senagaty üçin çig mal bolan bu önümi öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýe bolan gowaça ekişi bilen baglanyşykly göz öňünde tutulan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, häkime anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşyna ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, aýratyn-da, gowaça ýokary hilli ideg edilişine ünsi çekip, obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ahal welaýatynyň zähmetkeşlerini pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri bilen gutlady we olara täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Beýleki welaýatlaryň ýüpekçileriniň hem bu gymmatly çig maly taýýarlamak işlerini üstünlikli jemlejekdiklerine uly ynam bildirdi.
Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu gün Türkmenistan bugdaýy daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrüldi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem ak bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde öňdebaryjy ylym-bilimiň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda açylan GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine tohumçylyk, seçgiçilik, üzümçilik we bagçylyk boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meseleleriniň girizilendigini belledi.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň tohumçylyk ulgamyndaky ylmy işleri her bir welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara alyp, hemişelik hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylmalydyr. Munuň özi ekerançylykdan bol hasyl almagyň we umuman, pudagy sazlaşykly ösdürmegiň hem-de eksport kuwwatyny ýokarlandyrmagyň özenidir.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, galla oragyna taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, şol sanda ähli tehnikalaryň sazlaşykly işiniň we şolara edilýän tehniki hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ekerançylaryň hemde mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmeti, doly derejeli dynç almagy we medeni hyzmatlar bilen doly üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli ilatyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady hem-de hemmelere berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
18.05.2019ý.