20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Aderiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkymyza eden hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamy, ulag, energetika toplumy, senagat hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman ylym, bilim we medeniýet ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy baýlaşdyrýan netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň ähmiýeti, şeýle hem iki ýurduň BMG, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň üýtgewsiz erkine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we onuň anyk mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo gatnaşdy.
* * *
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wengriýanyň daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartonyň iş saparynyň çäklerinde onuň bilen gepleşikler geçirildi.
Gеpleşikleriň gün tertibine abraýly halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň köptaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi.
Gepleşikleriň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky bilelikdäki mejlisini we şu ýylyň ahyrynda Wengriýada Türkmenistanyň işewürler maslahatyny geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Wengriýanyň Adam serişdeleri ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
* * *
21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.
Myhman ÝHHG-de hem-de Ýewropa Bileleşiginde sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Lideriniň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň häzirki Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz we myhman ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary hem-de sebitdäki möhüm meseleler barada pikir alyşmagyň barşynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howplara hem-de wehimlere garşy durmak maksady bilen, taraplaryň tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçak Türkmenistan — ÝHHG hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.
* * *
Şol gün Türkmenistanyň DIM-de we Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
“Nesil” gazeti,
23.05.2019ý.