PAÝTAGTYMYZYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

23-nji maýda hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz seýilgäh zolaklarynyň abadanlaşdyrylmagyna we aýratynlyklaryna ünsi çekip, bu ýerde bar bolan baglaryň idegine, paýtagtymyzyň ösümlik dünýäsine hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi. Seýilgähde adamlaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we ýokary derejede dynç almaklary üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksadyny we ulanyş häsiýetnamalaryny, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegini göz öňünde tutmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şäheriň hemde onuň etraplarynyň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Belli bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Permany bilen Aşgabat şäheriniň gününiň döredilendigini, bu baýramyň şäherlerimizde we obalarymyzda henize çenli hiç wagt görülmedik taryhy hem-de ägirt uly özgertmeleri wagyz etmek üçin döredilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu ajaýyp baýramçylygy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Aşgabada diňe bir ilkinji gezek gelýänler däl, eýsem, paýtagtymyzyň hemişelik myhmanlary hem şäheriň ajaýyp görküni görüp, onuň gözelligine we depginli ösýändigine haýran galýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalary az däl. Bu bolsa ak mermerli şäherimizi ösdürmekde gazanan ägirt uly üstünliklerimiziň dünýä derejesinde ykrar edilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyza Ruhabat etrabynyň şäher ýakasyndaky ilatly ýerleriniň we Abadan şäheriniň goşulmagy onuň çäklerini has-da giňeltdi. Ony dünýä derejeli uly şähere öwürdi. Şähere ýakyn sebitleriň durmuş-ykdysady mümkinçiligi artdyrylyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyryldy.

Şunuň bilen birlikde, biziň öňümizde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýolbaşçylarynyň öňünde ilkinji nobatda çözülmegini talap edýän birnäçe wezipeler dur. Olaryň çözülmegi işlemek hem-de ýaşamak üçin örän amatly, gözel şäher hökmünde Aşgabadyň abraýyny has-da ýokarlandyrar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sebitlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem alnyp barylýan gurluşyklaryň depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny belläp, şäher häkimliginiň täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň tertibine gözegçiligi güýçlendirmelidigini nygtady.

Şu ýyl ýurdumyzda öň hiç wagt görülmedik möçberde köp ýagyş ýagdy. Şeýle köp ýagşyň ýagmagy lagym ulgamlarynyň we köçelerdäki suw sowujy ulgamlaryň geçiriş mümkinçiliklerini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyň görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy kabul edilen ekologiýa kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak boýunça derwaýys çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň köp ýygnanýan ýeri bolan iri sport ýaryşlary geçirilende, halkara kadalara laýyklykda, alkogolsyz içgileri diňe plastik gaplarda ýerlemäge rugsat edilýär diýip belledi. Plastik gaplaryň ulanylmagy bu serişdeleriň galyndylarynyň artmagyna getirýär. Şäherleriň ýolbaşçylary plastik önümleri ikilenç ulanmak we gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçmek bilen, ýurdumyzda ýollary we köçeleri döwrebap ýagdaýa getirmek hem-de täzelerini gurmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulaglar bilen baglanyşykly meseläni dowam edip, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigini göz öňünde tutmak bilen, iň täze şäherara we şäher awtobuslarynyň yzygiderli satyn alynýandygyny belledi. Şeýle hem, taksi hökmünde ulanmak üçin ýeňil awtoulaglar satyn alynýar. Bu örän rahat awtoulaglar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Olar ýolagçylary şäheriň islendik ýerine çalt we rahat eltmäge mümkinçilik berýär. Biz bu işlerde döwrümiziň şygary bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatdan ugur alýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şäherlerimizde we obalarymyzda ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz ilatly ýerlerde köp sanly baglaryň we gülleriň oturdylmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny belledi. Bu işlere ýerli häkimiýet edaralary aýratyn üns bermelidir. Aşgabatda bolsa, iri, şol sanda halkara derejede çäreler yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda we beýleki şäherlerimizde ýurdumyzyň myhmanlary hem-de ilaty üçin rahatlyk we ekologiýa babatda has amatly şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz şäheriň häkimliginiň ýolbaşçylaryndan bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministrine ýüzlenip, garamagyndaky gulluklaryň işini güýçlendirmegi tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine söz berdi.

Häkim ýurdumyzyň baş şäherini has-da abadanlaşdyrmak, onda amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek, gök zolaklary we seýilgähleri döretmek, öňde boljak dabaralara taýýarlyk görmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berildi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň binagärlik keşbini gowulandyrmak, ony gülläp ösýän gür baglyga öwürmek boýunça iri möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Jemagat hojalygy we şäheriň beýleki ugurdaş gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, paýtagtymyzyň energiýa we suw üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işinde bar bolan käbir kemçilikleri agzap geçen hem-de olary düzetmek boýunça tabşyryklary beren maslahatynyň netijelerini jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz eger, bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetsek, ak mermerli paýtagtymyz öňküsinden hem gözel, eziz watandaşlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly şähere öwrüler diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, ýygnananlary hem-de ähli halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Nesil” gazeti,

25.05.2019ý.