ÝURDUMYZYŇ BATLY ÖSÜŞLERINIŇ BINÝADY

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda ilki bilen döwlet Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň başarnyklaryny netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleleri oňyn çözmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berildi. Bu ugurda «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm wezipelerini özünde jemleýär. Onuň baş maksady ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň ýaşlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň işjeň herekete girizilmegine gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleri dowam etdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 21-22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Х Halkara gaz kongresiniň jemleri barada berlen hasabat bilen dowam etdi. Ýurdumyzda geçirilen iri ýöriteleşdirilen forum nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi bermäge gönükdirildi. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlary diňledi. Bu merkeziň gurluşygy elektrik beketlerinde zerur işleri öz wagtynda alyp barmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu maksatlary durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz «Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak hem-de gazturbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi.

Soňra Türkmen halysynyň baýramyna we iň oňat halyçylary sylaglamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Enelerimiziň çeper ellerinden çykan halylarymyz häzirki wagtda diňe bir türkmen halkynyň medeniýetinde däl, eýsem dünýä medeniýetinde gymmatly orun eýeleýär. Türkmen halysy dokalyşynyň inçeligi we nepisligi, gölleriniň gaýtalanmajak owadanlygy we reňk öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Halynyň döreýşi türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhynyň jümmüşini yzarlamak bilen, bu täsin gadymy sungat ähli zamanlarda özüniň üýtgewsiz ähmiýetini saklaýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de sanly wideoaragatnaşyga çagyrylan Mejlisiň Başlygyna gadymy milli ýörelgelerimiziň goralyp saklanmagyna hem-de artdyrylmagyna uly goşant goşan, el halylarynyň täsin nusgalaryny döredýän iň gowy halyçylarymyza ýokary döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra 12-13-nji iýunda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Bu çäre Ylymlar güni mynasybetli guralar. Foruma gatnaşmak üçin Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan belli alymlar Aşgabada gelerler we onda häzirki zaman ylmyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy we baýramçylyk konserti, medeni çäreler geçiriler. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak forumyň we Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek ähli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra iýun aýy üçin baýramçylyk hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berildi. Geljek aýda ýurdumyzyň durmuşynda ähmiýetli bolan şanly seneleriň hatarynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler we sahna oýunlary, bäsleşikler, halkara, umumymilli we pudaklaýyn maslahatlar, sport ýaryşlary bar.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara öňde boljak dürli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi, olary teleradio gepleşiklerinde we habar beriş neşir serişdelerinde giňden beýan etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda 2019-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda», şeýle hem «Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly şäherçelerde, ilkinji nobatda, döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi hakynda alada edilmelidir. Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş ülňülerini, döredijilikli zähmet, amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gallaçylaryň durmuşynda örän möhüm we jo­gap­kär­li döw­rüň — orak möwsüminiň ýetip gelendigi bilen baglylykda, orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Türkmenistan döwletimizde oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, azyk bolçulygynyň döredilmegine, senagat pudaklarynyň çig mal bilen üpjün edilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli watandaşlarymyzy Türkmen halysynyň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, iň oňat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky» Permana gol çekdi.

“Nesil” gazeti,

28.05.2019ý.