27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi.
Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin oragy guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasyny düzmegiň, kombaýnlaryň we awtoulag serişdeleriniň zerur mukdaryny kesgitlemegiň hem-de tomusky dynç alyş möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk görülmegine hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginini artdyrmak, şeýle hem meýdanlarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli görkezmeler berdi.
Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de Çagalary goramagyň halkara gününi bellemek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi çagyryldy. Ol galla oragyna hemmetaraplaýyn görülýän taýýarlyk işleri, kombaýnlaryň hem-de ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine we ammarlara öz wagtynda daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň talabalaýyk işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berip, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky Karary üçin welaýatyň ähli ilatynyň adyndan milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şu etraplarda hem-de Mary şäherinde guruljak ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň 3066-sy täze jaý toýuny tutarlar.
Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasaryny göni wideoaragatnaşyga çagyryp, täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasyny baýramçylyk ýagdaýynda, uly türkmen toýuna mahsus derejede guramagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem häkime sebitiň ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Merkezi bankyň başlygynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda wideokonferensiýa görnüşinde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 10 ýylyň dolýandygyny belläp, assosiasiýanyň nobatdaky toý mejlisini geljek ýylda Lebap welaýatynda geçirmek baradaky meselä ünsi çekdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilmegi behişdi bedewleriň wagyz edilmegini, türkmen halkynyň milli buýsanjy we onuň umumadamzat gymmatlygyna goşan goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz orak möwsüminde işlejek adamlaryň gije-gündiziň dowamynda gyzgyn nahar hem-de beýleki zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini, hususan-da, meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, medeni çäreleri geçirmek barada tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlarda ähli ammarlary we kabul ediş bölümlerini täze hasyly kabul etmäge doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz tabşyrylan galla hasyly üçin özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmekde «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de onuň ýerlerdäki şahamçalarynyň işinde hiç hili bökdençlikleriň bolmaly däldigi barada Merkezi bankyň başlygyna berk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gurluşyk işleriniň barşy baradaky meselä degip geçip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan giň gerimli işleriň maksadynyň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini we türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Eziz Diýarymyzyň her bir raýaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda duýmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
30.05.2019ý.