BINÝADY BERKDEN WATAN

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Ir bilen milli Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde ilat sagdyn durmuş ýörelgesine giňden çekilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň ekologiýa taýdan arassa hasaplanýan welosiped sportunyň ösdürilmegine, Türkmenistanda welosipediň dürli görnüşleri bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümetiň binasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygynyň hasabatyny diňläp, «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine söz berdi. Wisepremýer BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 21 döwlet çykyş etdi.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hakyndaky maglumaty kanagatlanma bilen kabul edip, tutuş türkmen halkyny bu wajyp taryhy waka bilen gutlady.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara meýilleşdirilen saparlary, şeýle hem birnäçe daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza boljak saparlary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şeýle hem iri halkara derejedäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlary üçin konsullyk ýygymynyň möçberini bellemek hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly we netijeli häsiýetini belledi. Ýylsaýyn berkeýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda syýahatçylyk ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini hem-de degişli ugurda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleriň görülmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbiniň döredilmegine aýratyn üns berildi. Däbe öwrülen milli gurluşygyň hem-de dünýä şähergurluşygynyň esasy meýillerini sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly binalar paýtagtymyzyň bezegine öwrülmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäherde gurulýan ähli binalarda we desgalarda ýokary talaplara kybap gelýän, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr.

Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan kärhana döredildi. BAE-niň Dubaý şäheriniň syýahatçylaryň iň gelim-gidimli etraby hasaplanylýan çäginde ýerleşýän söwda merkeziniň içinden meýdany 84 inedördül metre barabar bolan dükan jaýy kärendä alyndy. Häzirki döwürde ony milli äheňde bezemek, türkmen halylary, haly önümleri, dokma hem-de sowgatlyk önümler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Bu kärhananyň üsti bilen bölek satuwdan başga-da Türkmenistanyň köp görnüşli eksport harytlarynyň lomaý söwdasyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Dubaý şäherinde türkmen halylarynyň söwdasyny guraýan dükany açmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, köp asyrlaryň dowamynda el halylarynyň aýawly saklanan milli ýörelgeleriniň we çeperçilik ugurlarynyň biziň günlerimize gelip ýetendigini belledi. Ussat halyçylarymyzyň dokan halylary amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserleri hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi we olar uly islege eýedir.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmek işine döwletimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleriň ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny, iň oňat milli tejribäniň hem-de bu ulgamdaky umumy dünýä gazanylanlaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýokary bilimli we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemek baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini ýene bir gezek belläp, birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz kanunçylyk taýdan goldaw bermegiň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, Mejlisiň türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň berkarar bolmagyna gönükdirilen işleriň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, işine ussat serkerdeleri taýýarlamak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

01.06.2019ý.