10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň oňat şertleri döretmek we şäheriň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabady maksadalaýyk ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, ekologiýa ýagdaýyna, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine, köp babatda adamlaryň durmuşynyň hilini kesgitleýän şäher gurşawyny kämilleşdirmäge yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.
Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi meýdan işleriniň — galla oragynyň barşy we gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler hem-de ýakynlaşyp gelýän şanly seneler mynasybetli guraljak çäreler barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi sebitde işleriň ýagdaýy, galla oragy we gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda gurluşyk işleriniň barsy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça çäreler hem-de şanly seneler mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada hem habar berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi hasabat bilen çykyş edip, sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we beýleki möwsümleýin meýdan işleri barada aýtdy. Welaýatda alnyp barylýan durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde häkim dürli desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hem hasabat berdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin agrotehniki çäreler hakynda aýtdy. Welaýatda bina edilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy, öňde boljak şanly seneler mynasybetli çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz orak möwsüminiň tertibiniň berjaý edilişi hem-de bellenen möhletde tamamlanmagy baradaky meselelere welaýat häkimleriniň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýdyp, dürli desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginine we hiline aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän şu ýylda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, berkarar Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
* * *
11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň pileçileriniň döwlete pile tabşyrmak boýunça ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habardan başlady. Edermen pileçiler piläniň 2 müň 262 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdiler.
Şol sanda Balkan welaýaty boýunça 25 tonnadan gowrak (meýilnamany 100 göterim), Ahal welaýatynda 156 tonnadan gowrak (101 göterim), Mary welaýatynda 434 tonnadan gowrak (107 göterim), Lebap welaýatynda 1 müň 142 tonnadan gowrak (119 göterim), Daşoguz welaýatynda 503 tonna (103 göterim) pile taýýarlanyldy. Zähmetsöýer ýüpekçilerimiz göz öňünde tutulan borçnamalary artygy bilen berjaý etdiler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň edermen ýüpekçilerini gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik binýadynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.
Milli Liderimiz ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek işleriniň möhümdigine ünsi çekip, bu ugur boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak. dünýäde uly isleg bildirilýän ýüpek önümleriniň möçberlerini köpeltmek, şol bir wagtyň özünde tut nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler we gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak işleri bellenilen kada boýunça gyzgalaňly dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly ýitgisiz daşamak we saklamak, şol bir wagtyň özünde gowaça edilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, kärendeçilere edilýän hyzmatyň hilini we görnüşlerini artdyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de pudagyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi babatda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi obasenagat toplumynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy hem-de halkymyzyň amatly durmuş derejesiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek. senagat toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýolagçy gatnatmak, ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmak bilen bir hatarda ýetişdirilen galla hasylyny daşamak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem häzirki döwürde gallaçylar bilen hasaplaşyklary döwrüň talabyna laýyk derejede geçmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gallaçylarynyň tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçmek meselesine ünsi çekip, ol ýerden bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň zähmetiniň höweslendirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip belledi.
Milli Liderimiz oba hojalygyny ösdürmekde tohumçylyk işini kämilleşdirmegiň, bu ugurda degişli alymlar bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyny belläp, topluma öňdebaryjy tehnologiýalaryňdyr täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň, bazarlaryň dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilmegine dahylly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, ýylyň ähli paslynda adamlaryň ter gök we miwe önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
13.06.2019ý.