ASUDALYGYŇ GORAGYNDA

13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi we şu maksat bilen, gije ýarymdan geçenden soňra, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady, onuň üpjünçiligi kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, serhet galalarynyň we birikmeleriniň täze desgalary gurulýar. Şeýle hem goşunlaryň dürli kysymlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Milli Liderimiziň döredip berýän şertlerine mynasyp jogap berýän edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar.

Irden milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň bölümleriniň biriniň çägine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri şahsy düzümleriň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz harby bölümiň ýöriş meýdançasyna baryp, bu ýerde harby nyzama düzülen esgerler we serkerdeler bilen salamlaşdy. Harby bölümiň nyzam meýdançasynda Içeri işler ministrliginiň ulgamynda ýörite öwredilen alabaý itleriniň, şeýle hem atly düzümleriň hem bardygy buýsandyryjydyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň alabaýlar we ahalteke bedewleri bilen tälimleri geçirmek we harby gullukda ulanmak boýunça tabşyryklarynyň iş ýüzünde netijeli berjaý edilýändigini görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu bölümiň düzüminde esgerleriň ýatýan otagynda, okuw otagynda, naharhanada esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby bölümde gulluk edýän esgerleriň hormatly Prezidentimiziň «Rowaç» atly aýdymyny uly joşgun bilen ýerine ýetirmekleri aýratyn ruhubelentlige beslendi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýöriteleşdirilen türgenleşik meýdançasynyň synlaýyş münberinde ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylarynyň taktiki taýýarlygy babatdaky ussatlygyny synlady.

Hormatly Prezidentimiz söweşjeň ýaragdan nyşana ok atyp, mergenlik ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Munuň özi her bir ugur boýunça hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby okuw-türgenleşik geçirýän ýerine tarap ugrady. Harby-taktiki okuwlaryň yzygiderli geçirilmegi goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilýär.

Okuw-türgenleşik çykyşlary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz bu ýerden welosipedde ugrady. Döwlet Baştutanymyz welosiped sürüp, öwrüm edip barşyna nyşanalary dürs urmak bilen, özüniň beden taýýarlygyny we ussatlygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň we söweşjeň serişdeleriniň sergisini synlady. Hormatly Prezidentimiz mähriban topragymyzy goramak boýunça mukaddes harby borjy Watanymyza we harby kasama wepalylyk ruhunda ýerine ýetirmegi arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

15.06.2019ý.