14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän ulgamyndaky işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerine degişli beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň innowasion taýdan ösüşe tarap ugur alyp, ýokary hünär derejelerine, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolan ýaş hünärmenlere aýratyn üns berýändigini nygtady. Döwletimiziň mundan beýläk-de ýaşlar üçin hemme zerur şertleri döretjekdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara çärelere, şol sanda Birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hemde 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Ahal welaýatyndaky täze zawody açmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere täze şäherçeleri düzümleýin ösdürmek, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, oba ýaşaýjylary üçin oňaýly şertleri döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2019 — 2025-nji ýyllarda Senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalaryň durkuny täzelemek, hususylaşdyrmak hem-de täze önümçilikleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we «Türkmensenagat» agentliginde hünärmenlerden düzülen ýörite seljeriş toparynyň döredilendigini habar berdi.
Milli Liderimiz topluma degişli kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belledi hem-de wisepremýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawy goramak, suw we energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak, Aral hem-de Hazar deňizleriniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça başlangyçlary, ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty babatda ýola goýulýan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň tekliplerini goldap, galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň we ikilenji çig maldan önümleri öndürmegiň uzakmöhletleýin geljekde «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wisepremýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň 12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, orta mekdeplerde guramaçylykly geçirilen gutardyş synaglary hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäherinde iri ýaryşlaryň — 2020-nji ýylda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň hem-de 2021-nji ýylda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky mesele boýunça hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatynyň we 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky resminamalary taýýarlamak boýunça görkezmeleri berip, türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna taýýarlyk görmegini hem ünsden düşürmezligi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyza 22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy baýlyklaryny artdyrmakda, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmekde, türkmenistanlylaryň ahlak we gözellik taýdan terbiýelenilmeginde medeniýet ulgamynyň örän möhüm orun eýeleýändigini nygtady we döredijilik ulgamynyň işgärleriniň baýramçylygynyň milli sungatyň hakyky dabaralanmasyna öwrülmelidigini belledi.
Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary oba hojalyk özgertmeleriniň barşy we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu möhüm oba hojalyk möwsümi bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we halkara hukugynyň kadalary bilen baglylykda, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak boýunça parlamentiň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Halkara tejribesi esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, dünýä tejribesini içgin öwrenmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, öňde örän uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi.
Bu ugurda işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, hökümetiň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
18.06.2019ý.