BAGTYÝAR GELJEGIŇ ÖZENI

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi. Welaýat häkimleri milli Liderimize häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Hasabatyň çäklerinde olar şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň medeni maksatnamasy, dürli desgalaryň gurluşyklarynyň barşy bilen hem tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ilkinji möhüm we­zi­peleriň — gal­la ora­gy­ny gysga möhletde tamamlamak, ýygnalan hasylyň zaýasyz saklanmagyny üpjün etmek hemde ony ýitgisiz daşamak bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, gowaçanyň agrotehniki çäreleriniň talabalaýyk berjaý edilmeginiň sebitiň ýolbaşçylarynyň esasy üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini hem-de meýdanda zähmet çekýän adamlaryň öndürijilikli işlemegi üçin hemme zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi. Munuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat merkezleriniň we sebitdäki dürli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gowy taýýarlyk görmek meselelerini üns merkezinde saklamagy häkimlere tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli ýolbaşça birnäçe tabşyryklary berdi. Dynç alyş düzümleri bu ýere dynç almaga gelýänler üçin ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, birnäçe döwlet ýolbaşçylary wezipelere bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekligiň meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, berkarar Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

20.06.2019ý.