20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz häkimlige geldi, bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýlekiler ýygnandylar.
Milli Liderimize bu ýerde geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň bölekleýin görnüşleri hem-de ýol-ulag düzümleriniň desgalary şekillendirilen uly göwrümli taslama görkezildi. Olar «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.
Ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.
Deslapdan «Aşgabat — siti» adyna eýe bolan täze şäheriň hödürlenen taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň hem 4-siniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hemde sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary şäheriň ilatyna hyzmat eder.
Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12-15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21-23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33-35 gatly binalaryň 12-si bolar. Daşky keşbi boýunça jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza giň möçberli şähergurluşygyna ägirt uly maýa goýumlaryny goýmaga mümkinçilik berýär diýip belledi.
Her ýyl täze binagärlik toplumlary, döwrebap ýollar bilen üsti ýetirilýän Aşgabat munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýollaryň ugrunda kaşaň binalar peýda bolýar. Ýurdumyzyň baş şäheri barha giňelýär. Täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30-35 gatly binalar gurlar. Şunuň bilen baglylykda, şolaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Soňra duşuşyk häkimligiň kiçi maslahatlar zalynda dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, senagat kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýangyç-energetika toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we önümçilik düzümini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hormatly Prezidentimize hasabatlar berildi. Ýakyn wagtda önümçilik düzüminiň üsti Ahal welaýatynyň çäginde dünýäde ilkinji bolup, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürýän zawod bilen ýetiriler.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gazhimiýa pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, Owadandepedäki täze önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz öňde boljak halkara çärelere, şol sanda Tatarystan Respublikasyna guraljak iş saparyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
22.06.2019ý.