19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Milli Liderimiz howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugrady.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky bu deňiz şypahanasy öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldip, ýurdumyzda örän uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şeýle-de daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanmany döredip, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öz mazmuny we göz öňünde tutýan maksady boýunça ol geljeginiň uludygyny tassyklaýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý dikeldiş mümkinçilikleri, innowasiýa, öňdebaryjy binagärlige we inžener-tehniki pikirlere tarap alnan ugur, hyzmatyň ýokary derejesi türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň, hakykatdanda, halkara syýahatçylygyň, şypahana dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz alyp barýan ösüşlere beslenen döwlet syýasatynyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, Awaza häzirki wagtda Türkmenistanyň depginli durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň hakyky behişdi künjegine öwrülen deňiz şypahanasynyň binagärlik toplumyny synlap, daşky gurşawa aýawly garamagyň, bu ýerde oňaýly ekologiýa ýagdaýynyň döredilmeginiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Hazaryň kenarynda döredilen şypahana zolagynyň ähli desgalarynyň, Awazanyň ähli künjekleriniň, aýratyn-da, onuň seýilgäh toplumlarynyň arassa we abadan saklanmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde oturdylan baglara ideg etmek, şeýle hem ýola goýlan kadalara laýyklykda, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy, ýol belgilerini hem-de ýol düzüminiň beýleki serişdelerini öz wagtynda oturtmagy tabşyrdy.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna geldi. Döwrebap port toplumy geçen ýylyň maý aýynda ulanyşa tabşyrylyp, Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetli waka öwrüldi. Onuň mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagy sebitiň döwletleriniň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna depginli goşulyşmagyna, yklymyň iri üstaşyr-ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmäge ýardam berer.
Milli Liderimiz deňiz menzilinde Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyza şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berildi. Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda «Hazar: innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy — 2019» sergileri we halkara maslahat hem bar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işi barada habar berildi. Onuň öňdebaryjy düzümleri diňe bar bolan islegleri däl, eýsem-de, ulag-logistiki hyzmatlaryna geljekki islegleri hem kanagatlandyryp bilýär. Öňde boljak forum hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, şeýle hem sebit we sebitara söwda, ykdysady, syýahatçylyk hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, wise-premýerler kenarýakada, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oňaýly ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak, şypahananyň çäklerinde täze seýilgäh zolaklaryny döretmek hem-de bar bolan bagy-bossanlyklary abadanlaşdyrmak maksady bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada habar berdiler.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri görüp, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.
Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Hazar deňziniň eýe bolan ägirt uly tebigy-serişde, üstaşyr-ulag, energetika we senagat kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge yzygiderli eýermek arkaly çykyş edip, kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli esasda öňe sürýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Häzir Türkmenbaşy şäheri halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna, wekilçilikli maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi, ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda onuň eýeleýän orny artýar. Şäheriň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesi täze iri möçberli wezipeleri şertlendirýär. Şol wezipeleriň çözülmegine köp babatda özgertmeleriň hem-de umumymilli maksatnamalaryň üstünligi baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarynda köptaraply gatnaşyklary ep-esli giňeltmek üçin uly geljegi açýandygyny nygtady. Aslynda, Türkmenistanyň günbatarynda bu desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň möçberlerini artdyrmak üçin iri meýdança döredilýär, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala getirilýär.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.
“Nesil” gazeti,
22.06.2019ý.