23-nji – iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Tatarystan Respublikasynyň esasy kärhanalarynyň senagat önümleriniň sergisine tarap ugrady. Ýörite enjamlar bilen üpjün edilen «Ansat» lukmançylyk dikuçary döwlet Baştutanymyzyň ünsüni çekdi. «Kazan wertolýot zawodynyň» ýolbaşçysy belent mertebeli myhmana bu ulagyň tehniki häsiýetleri barada habar berip, bu kysymly tehnikanyň ýörite Türkmenistanyň şertleri üçin uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy.
2006-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistan tarapyndan «KAMAZ» awtoulaglarynyň 7,5 müňe golaýynyň satyn alnandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň şu kysymly tehnikalaryň ABŞ-nyň 162,7 million dollaryndan gowrak möçberindäkisini satyn almak baradaky täze çözgüdi öňden gelýän hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarynyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär.
Howa menzilinden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap ugrady. Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ikiçäk görnüşde duşuşyk geçirdiler. Dostlukly we şonuň bilen birlikde, örän işewür ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we senagat ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny we oba hojalygy görkezdiler.
Gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Tatarystanyň Prezidenti iki halkyň özara gyzyklanmasyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn strategik häsiýetini nazarda tutup, Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak baradaky teklibi aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowyň bu teklibini goldamak bilen, türkmen we tatar paýtagtlaryny baglanyşdyrýan howa gatnawlaryna isleg artan halatynda, onuň sanyny köpeltmegiň mümkinçilikleri barada hem aýtdy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen «Innopolis uniwersiteti» awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolandyryjy kompaniýasy» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri metbugat üçin Beýannama bilen çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz şu günki saparyň jemleri barada aýdyp, netijeli we oňyn gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň geçirilendigini, giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
...Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni «Sabantuý» baýramçylygynyň geçiriljek ýeri bolan Mirnyý etrabynyň «Berýozowaýa roşşa» tokaýlyk meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde iki ýurduň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda folklor çykyşlary boldy, Türkmenistanyň neşirýat önümleriniň sergisi görkezildi.
Şol gün agşam medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Galiasgara Kamala adyndaky tatar teatrynda konsert berdiler. Oňa gatnaşan tomaşaçylaryň arasynda Tatarystanda bilim alýan türkmen talyplary hem boldy...
...Mirnyý etrabyndaky dabaralar tamamlanandan soň bolsa, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow bu ýerden ugradylar.
Biraz wagtdan Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan şäheriniň halkara howa menziline geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlan gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, Tatarystanyň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşdy hem-de ony Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny belledi.
Agşamara hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda degişli pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa uly rowaçlyklar arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
25.06.2019ý.