21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi boldy. Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra häkime Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem Aşgabadyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň binasynda Hökümetiň mejlisini geçirdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16-17-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Hyrat şäherine bardy. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin gepleşikler geçirildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hyrat welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda owganystanly hyzmatdaşlaryň sebit görnüşinde, hususan-da, Mary welaýaty bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu sebitleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde 2019 — 2020-nji ýyllar döwründe özara saparlary guramak barada pikir alşyldy. Şeýle hem Hyrat we Bathyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, şol sanda ýaşulular bilen duşuşyk geçirildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary nebitgaz ulgamyna döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyny degişli kompýuter tehnikalary we ýörite programma üpjünçiligi bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu enjamlaryň hem-de programmalaryň dürli ugurlarda giňden ulanylýandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hemde önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň 2000-e golaýy satyn alnar. 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda «KAMAZ» söwda we okuw-hyzmat merkezi hereket edýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Saglyk — 2019» atly halkara sergä we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Däp bolşy ýaly, forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniò gününe gabatlanylyp, 20-22-nji iýulda geçiriler. Sergide dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden meşhur kompaniýalaryň 200-den gowragynyň gazanan üstünlikleri görkeziler. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlaryň we professorlaryň, daşary ýurtlaryň ýokary lukmançylyk okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bilim ministrliginiň öwrediji kompýuterleri satyn almagy hakyndaky kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi. Asylly däbe görä, bu kompýuterler milli Liderimiziň adyndan birinji synp okuwçylara sowgat berler. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 153 müň 885 okuwçy birinji synpa okuwa barar. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň öwrediji kompýuterleri satyn almagy hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we şu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň 22-nji iýunynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2020-nji ýylda şeýle çäräni Daşoguz welaýatynda geçirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürledi. Milli Liderimiz indiki ýyl Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wisepremýere iberdi we köpçülikleýin medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Şu günler welaýatlarda bugdaýyň ýetişdirilen bol hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak, kombaýnlaryň hem-de awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz eltmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
Mejlisiň Başlygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini dowam edip, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine çekdi. Döwlet durmuşynyň dürli meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
25.06.2019ý.