DÖWREBAP SENAGAT – INNOWASION TOPLUMY

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — dünýäde tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ahal welaýatynda gurlan iri senagat desgasynyň «Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Watany» diýen şygar as­tyn­da geç­ýän 2019-njy ýyl­da iş­läp baş­la­ma­gy­nyň öz­bo­luş­ly ma­ny­sy bardyr. Tä­ze se­na­gat top­lu­my «Türk­men­gaz» döw­let konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýapo­ni­ýa) we «Rö­ne­sans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Tür­ki­ýe) kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň kon­sor­siumy­nyň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lary bi­len gu­rul­dy. Bu ba­ra­daky de­giş­li yla­la­şy­ga 2013-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ýa­po­ni­ýa bolan res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­lerin­de gol çe­ki­len­di­gi­ni ýatla­mak ge­rek. 2014-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da döw­let Baş­tu­tanymyzyň gatnaşmagynda daba­ra­ly ýag­daý­da kär­ha­na­nyň düý­bi tu­tul­dy.

«GTG» (gas to ga­so­li­ne) tas­la­ma­sy Da­ni­ýa­nyň «Hal­dor Top­soe» kom­pa­ni­ýa­sy ta­rapyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nylan TI­GAS teh­no­lo­gi­ýa­sy­na esas­la­nan­dyr. Bu teh­no­lo­gi­ýa ýo­ka­ry ne­ti­je­li ka­ta­li­za­torlar bi­len ut­ga­şyk­lyk­da örän az muk­dar­da ener­gi­ýa sarp edilmegi we daşky gurşawa örän az möç­ber­de tä­sir edil­me­gi bi­len ýo­ka­ry hil­li ben­zin ön­dür­mä­ge müm­kinçi­lik ber­ýär. Za­wod­da her ýyl eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, EURO-5 öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän EСО-93 sin­te­tik benzi­niň 600 müň ton­na­sy, şeýle hem ugurdaş önümlerden su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň 115 müň ton­na­sy we dü­zü­min­de kü­kürt bol­ma­dyk aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­nyň 12 müň ton­na­sy çy­ka­ry­lar.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, sinte­tik ben­zin ne­bi­ti gaý­ta­dan işlemek arkaly alynýan adaty ben­zin­le­re di­ňe bir bäs­deş bol­man, eý­sem, ener­gi­ýa seriş­de­si­niň tä­ze gör­nü­şi bo­lup dur­ýar. Ol he­re­ket­len­di­ri­jileriň gurluşyny üýtgetmezden, aw­tou­lag ýan­gy­jy hökmün­de-de ula­ny­lyp bi­lin­ýär we mun­dan baş­ga-da, şep­beşik­li­gi ýo­ka­ry bo­lan ne­bi­ti gar­ma­ga, şeý­le hem ne­bi­tiň gaýtadan işlenmeginden alnan ben­zin­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len goş­ma­ga la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ýan­gy­jyň eko­lo­giýa taýdan arassa görnüşlerini ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Şol gün ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­myzyň «Mizan» işewürlik merke­zi­ne gel­di. Bu ýer­de tä­ze se­na­gat top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de daba­ra­ly mej­lis ge­çi­ril­di.

Da­ba­ra­nyň ba­şyn­da Türkmenistanyň Prezidentiniň ne­bit we gaz me­se­le­le­ri boýun­ça ge­ňeş­çi­si döw­let Baş­tuta­ny­my­za yl­myň iň öň­de­bary­jy ga­za­ny­lan­la­ry esa­syn­da gur­lan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly za­wo­dyň açyl­ma­gy­na taý­ýardy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­le­nip, hem­me­le­ri te­bi­gy gaz­dan ýoka­ry hil­li aw­to­mo­bil ben­zini­ni ön­dür­ýän za­wo­dyň ulanyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len tüýs ýürekden gutlady.

Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­siýa­sy­ny baş­dan ge­çir­ýär. Biziň ýur­du­myz hem teh­nolo­gi­ýa­la­ry we nou-hau­la­ry alyş­mak, yl­my köp ta­lap edýän önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­laryn­da aň-bi­lim ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we san­ly ut­gaşma­gy ga­zan­mak ar­ka­ly bu iş­le­re giň­den çe­kil­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.

Da­ba­ra­da da­şa­ry ýurtly myh­man­la­ryň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di. «Guin­ness World Records» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň res­mi we­ki­li tä­sin se­na­gat des­ga­sy­nyň — dün­ýä­de şu­nuň ýa­ly il­kin­ji des­ga­nyň ula­nylma­ga be­ril­me­gi bi­len gut­lap, «Dün­ýä­de gaz­dan ben­zin öndür­ýän il­kin­ji za­wod» di­ýen gü­wä­na­ma­ny gow­şur­dy. Şeý­lede da­ba­ra­ly ýag­daý­da «Ekolo­gi­ýa taý­dan aras­sa», «In­nowa­sion teh­no­lo­gi­ýa» bo­ýun­ça gü­wä­na­ma­lar we de­giş­li nyşan­lar gow­şu­ryl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ýangyç-energetika top­lu­my­nyň bu tä­ze za­wo­dy­nyň köp gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça ýeke-täk kär­ha­nady­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek bel­läp, dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek bu kär­ha­na­da te­bi­gy ga­zyň se­na­gat möç­be­rin­de su­wuk ýan­gy­ja öw­rül­ýän­di­gi­ni nygta­dy we Hor­mat­ly myh­manla­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gärlik ýazgy galdyrdy. Döwlet Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, bu ki­tap­da ýa­pon myh­man­la­ry hem ýa­dy­gär­lik ýaz­gy goý­du­lar.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz paý­tag­ty­my­zyň «Mi­zan» işe­wür­lik merkezinden Ahal welaýatynda gurlan te­bi­gy gaz­dan sin­te­ti­ki ýan­gyç ön­dür­ýän za­wo­dyň ýer­le­şen ýe­ri­ne ta­rap ug­ra­dy. Da­ba­ra ýyg­na­nan­la­ryň dost­luk­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz toý ba­gy­ny kes­ýär — tä­ze mö­hüm se­na­gat desga­sy açyl­dy!

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz za­wo­dyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zi­ne ta­rap ug­raýar. Bu ýer­de kär­ha­na­nyň ýol­başçy­sy mil­li Li­de­ri­mi­zi tä­ze top­lum bi­len ta­nyş­dyr­ýar. Ek­ran­da za­wodyň aý­ra­tyn­ly­gy­ny, ga­zy düýpli gaýtadan işlemegiň we taýýar önü­mi çy­kar­ma­gyň önüm­çi­lik işle­ri­niň hem­me tap­gyr­la­ry­ny aý­dyň gör­kez­ýän wi­deo­film gör­ke­zil­ýär. Za­wo­dyň önüm­çi­lik işi bi­len tanşyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň ýol­baş­çy­sy­ny we iş­gär­le­ri­ni tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy.

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­wer­si­fika­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­me­gi­niň önüm­çi­li­ge öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­giýa­la­ryň hem-de dün­ýä­niň döw­rebap tej­ri­be­si­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň Türkmenistany ösdürmegiň möhüm ug­ru­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tuta­ny­myz kär­ha­na­nyň işi­ne ak pa­ta ber­di, kär­ha­na­nyň iş­gär­le­ri­ne iş­lerin­de üs­tün­lik­ler ar­zuw edip, sena­gat top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­ne tä­ze aw­tou­lag­la­ryň açar­la­ry­ny gow­şur­dy. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ry şan­ly wa­ka bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rekden gut­lap, ýa­po­ni­ýa­ly myh­man­lar bi­len bi­le­lik­de kär­ha­na­nyň çä­ginden ugrady.

Şol gün paý­tag­ty­my­zyň «Mi­zan» işewürler merkezinde Ahal welaýatyn­da gur­lan tä­ze gaz­hi­mi­ýa top­lumy­nyň açy­ly­şy­na ba­gyş­la­nan bri­fing bol­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li döw­let dü­züm­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň hem-de meş­hur da­şa­ry ýurt kom­pani­ýa­la­ry­nyň, şol san­da bu mö­hüm düzümleýin taslamany durmuşa geçi­ren kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gatnaşdylar.

Şeý­le­lik­de, dün­ýä tej­ri­be­sin­dä­ki şeý­le il­kin­ji des­ga bo­lan te­bi­gy gazdan ben­zin ön­dür­ýän za­wo­dyň işe girizilmegi Türkmenistanyň senagat taý­dan ösen döw­le­te öw­rül­ýän­di­giniň, eziz Wa­ta­ny­my­zyň we mäh­riban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne bar bo­lan baý se­riş­de­ler we ykdysady kuwwatdan has netije­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň subut­na­ma­sy­dyr.

“Nesil” gazeti,

02.07.2019ý.