5-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Garaşsyz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyndan doly derejede netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şonuň ýaly-da milli Liderimiz hökümetiň mejlisinde Watanymyzyň üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňden wagyz etmek, halkara medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak boýunça işleri dowam etmek, ýokary derejeli hünärmenleri, ussat işgärleri taýýarlamak boýunça öňde durýan wezipelere ünsi çekip, bu ugurda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz jemgyýete täsir etmek üçin žurnalistler, medeniýet we ideologiýa işgärleri bilimlere eýe bolup, giň gözýetimli, ähli ugurlarda dünýä meýillerini bilip, täzeçe oýlanmagy we işlemegi hemde döwrüň talaplaryny ugur edinmelidir diýip belledi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň başyndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli medeni çäreler, şol sanda maslahatlar,döredijilik duşuşyklary, sergiler we bäsleşikler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreler geçirildi.
Dostluk köprüsi bolup hyzmat edýän medeniýet ulgamy ýurduň döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde hem mynasyp orun eýeleýär. Hususan-da, şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda Medeniýet günleri, Eýran Yslam Respublikasynda we Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň 14-17-nji maýda geçirilen XIV forumy dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmekde medeni diplomatiýanyň eýeleýän möhüm ornunyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz, şol sanda milli toý-baýramlarymyz hem häzirki wagtda täze röwüşe eýe bolýar. Munuň şeýledigini 21-nji martda giňden bellenip geçilen Halkara Nowruz gününiň — Milli bahar baýramynyň, 24-28-nji aprel aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäreleri aýdyňlygy bilen görkezdi. Her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe hemde Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeligi şu ýyl Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda guraldy. Medeniýet hepdeliginiň uly tutumlara beslenip toýlanylmagy, bu ulgamyň işgärlerine goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. 2020-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Daşoguz welaýatynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet ulgamynda ýetilen sepgitler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara eýe bolunýar. Medeniýeti döwrebap derejede ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy ulgamyň işgärleriniň öňünde anyk, möhüm wezipeleri goýýar. Döwrüň ýeten derejesini belent ruhda wasp etmekde, il-günümizi täze üstünliklere ruhlandyrmakda, döwrüň medeniýetiniň we sungatynyň aýratynlyklaryny çuňňur öwrenip has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde medeniýet, sungat işgärleriniň ilhalar, ruhubelent eserleri döretmekleri, öndümli işlemekleri üçin milli Liderimiz ähli zerur şertleri, mümkinçilikleri döredip berýär. Beýik ösüşleriň we özgerişleriň eýýamyna mynasyp uly işleri bitirip, döwrümizi beýgeltmek, ony şan-şöhrata beslemek ugrunda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri ähli gujur-gaýratyny sarp edip zähmet çekerler.
“Nesil” gazeti,
13.07.2019ý.