14-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar. Bir aýa golaý wagt mundan öň, 20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimize bu ýerde geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň nusgalary hem-de düzümleýin desgalaryň şekillendirilen uly göwrümli taslamasy görkezildi. Olar «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäher häkimliginde ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, hususy bölegiň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary täze taslamanyň ähli bölekleri bilen tanyşdylar.
Bu taslama 200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýagny ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.
Bularyň ählisini diňe bir bina etmek wezipesi däl-de, eýsem, özleşdirilýän çäkleriň her bir inedördül metrine täze durmuşy getirmek, «akylly şäher» nusgasy esasynda düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek wezipesi öňde durýar. Has takygy, möçberi hem-de çylşyrymlylygy babatynda ägirt uly işler garaşýar. Türkmen şäher gurluşykçylary indi iri taslamalary amala aşyrmakda baý tejribe topladylar. Olar häzirki zamanyň ähli tehniki mümkinçiliklerine eýe bolup, iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenýärler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýarlar.
Hususy kompaniýalaryň şähergurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi goldamagyň döwlet syýasatynyň ugurlarynyň biridir. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesinde işler alnyp barylýar.
Paýtagtymyzyň demirgazygynda guruljak binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu işe şeýle hem degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Bu taslamanyň şu günki tanyşdyryş çäresinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda iş alyp barýan telekeçiler we binagärler, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan täze şäheriň taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň 4-siniň hemde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, Saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryň gurluşygy meýilleşdirildi.
Bu täze şäheriň merkezinde «Ak öý» binasy gurlar. Ak öý türkmen halkynyň aňynda öçmejek ojak — dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Milli Liderimiziň teklibi boýunça hut şu bina şäheriň özboluşly ýüregine öwrüler. Bu binadan şäheriň beýleki giňişliginiň kemala gelmegi başlanar, ähli esasy ýollar oňa baryp birleşmelidir, onuň töwereginde gurluşygyň tutuş gerimi kemala gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz taslama bilen tanşan mahalynda aýtdy.
Geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň täze döwrüne gadam goýup, innowasiýalaryň, ýokary şäher medeniýetiniň, maýa goýum işjeňliginiň, syýahatçylygyň paýtagtyna öwrüler.
Täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30-35 gatly binalar gurlar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar, bu meselä taslamany durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda aýratyn üns berler.
Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12-15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21-23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33-35 gatly binalaryň 12-si bolar. Jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähli meselelerine içgin üns berýändigi üçin milli Liderimize ägirt uly hoşallyklaryny beýan etdiler.
“Nesil” gazeti,
16.07.2019ý.