RO­WAÇ­LYK­LA­RYŇ BE­ÝA­NY BE­ÝIK IŞ­LER

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, birnäçe resminamalara gol çekildi.

Mejlisde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler hem-de degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek barada aýtmak bilen, maýa goýmagyň täze usullaryny işläp taýýarlamagyň, döwletiň we hususy ulgamyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny kemala getirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň gurluşygynyň taslamasy barada habar berildi. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak bu desgany 2022-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi edilýän desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada degişli kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 29-31-nji awgustda geçiriljek «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergä hemde «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahata görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin şu serginiň we maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere olary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 26-27- nji awgustda Singapur Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bitarap döwletimiz dünýäniň dürli döwletleri bilen, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Öňde boljak döwlet saparynyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz türkmen-singapur gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açmaga, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esasy goýmaga ýardam etjek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz M.Atajanowy Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy. Dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek babatda çäreleriň çäklerinde «S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hemde Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz teklipleri makullady hem-de wise-premýere bu ugurdaky maksadalaýyk işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady we binagärlik-gurluşyk taýdan ösdürmek, şol sanda onuň täze dolandyryş merkezini döretmegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu giň gerimli durmuş maksatly taslamanyň Konsepsiýasy täze şäherde onuň ýaşaýjylary üçin amatly şertleriň döredilmegini, ony ösdürmek üçin has oňaýly ykdysady şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan çäreler barada hasabat berdi. Şolaryň hatarynda 1-nji we 2-nji sentýabrda orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda guraljak baýramçylyk dabaralary, köpçülikleýin sport çäreleri, dabaraly nyzamlar, konsertler bar. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde 1-nji synp okuwçylaryna milli Liderimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.

Mejlisiň Başlygy parlamentiň kanunçylygy has-da kämilleşdirmek hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Şonuň ýaly-da, Parlamentiň degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler bilen bilelikde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň resminama binýadyny taýýarlamak boýunça geçirýän işleriniň barşy barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisiniň maksatnamasynyň we degişli resminamalarynyň üstünde düýpli işlemegiň hem-de ähli guramaçylyk meselelerini çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň kabul edýän her bir çözgütlerinde «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapýan syýasatyň esasy pikiri bolan adam hakyndaky aladalar aýdyň şöhlelenýär.

“Nesil” gazeti,

27.08.2019ý.