Hormatly Prezidentimiziň Singapur Respublikasyna bolan döwlet sapary üstünlikli tamamlandy.
27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen ýurt bähbitli gepleşikleri geçirdi.
Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nazara almak bilen, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler açylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, milli Liderimiziň Singapur Respublikasyna döwlet sapary döwründe bu ýerde ikitaraplaýyn işewürler forumy, türkmen eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklary geçirildi. Işewür forumyň netijeleri boýunça ylalaşyklar gazanylyp, resminamalara gol çekildi. Şol resminamalar taraplaryň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
27-nji awgustda irden «Shangri-La» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen işewür duşuşyga birnäçe ministrlikleriň, iri kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň hem-de Telekeçiligi ösdürmek boýunça agentligiň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Milli Liderimiz şu saparyň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasynyň arasynda Merkezi Garagumdaky gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgalarynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşygyň gazanylandygyny belledi.
Milli Liderimiz singapur kompaniýalaryny türkmen paýtagtynda täze ägirt uly taslamany — «Smart City» («Akylly şäher») taslamasyny durmuşa geçirmäge çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewürleri şähergurluşyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, şäher hojalygyny dolandyrmak ulgamyna we degişli gulluklaryň işine IT-tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hökümet wekiliýetiniň düzüminde Singapura gelen Aşgabat şäheriniň häkimi bilen tanyşdyrdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän halkara ulag geçelgeleriniň ornuny güýçlendirmek baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, geçirilen birinji işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekki bilelikdäki netijeli işler üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi.
* * *
Döwlet saparynyň ikinji gününde milli Liderimiz Singapuryň esasy gözellikleriniň birine — Aziýanyň siwilizasiýalary muzeýine baryp gördi.
1997-nji ýylda açylan muzeý Galkynyşlar eýýamyna mahsus bolan gadymy kaşaň Empress Place Building binasynda ýerleşýär. Bu bina 1860-njy ýylda guruldy. Bu ýerde toplanan Aziýanyň taryhynyň soňky bäş müň ýyldaky köp sanly gyzykly we seýrek duşýan gadymy gymmatlyklary maglumatlary almagyň örän köp sanly interaktiw mümkinçilikleriniň ýanynda ýerleşýär.
Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Milli miras geňeşiniň Baş ýerine ýetiriji direktory hanym Çang Hwi Ni garşylady.
Hanym Çang Hwi Ni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp hem-de binanyň içine girmäge çagyryp, muzeý barada gysgaça gürrüň berdi.
Dürli mazmundaky galereýalaryň on birisinde ajaýyp gadymy gymmatlyklaryň 1300-e golaýy, şol sanda taryhy ýazgylar, kitaplar, milli lybaslar hem-de durmuşda ulanylan zatlar, saz gurallary we haýsydyr bir döwürlerde bu sebitde ýaşan dürli halklaryň wekillerine degişli bolan bezeg şaý-sepler ýygnalypdyr.
Milli Liderimiz adamzat ösüşiniň taryhynda sungata ägirt uly ornuň degişlidigini belledi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitaby barada gysgaça gürrüň berdi. Şol kitapda Aziýanyň we Ýewropanyň halkara söwda goşulyşan birnäçe ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň hem-de medeniýetiniň ösmegine örän uly täsir eden gadymy kerwen ýolunyň taryhy barada giňişleýin maglumatlar getirilýär.
Milli Liderimiz şeýle hem gadymy döwürlerden bäri bütin dünýä meşhurlygyndan peýdalanýan hem-de häzirki wagtda-da hemmeleriň buýsanjy bolup durýan türkmen halylary barada gürrüň berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň örän baý ruhy we maddy medeniýeti bolan milli halyçylyga bagyşlanan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» diýen öz kitaplary barada gürrüň berip, muzeýe ajaýyp el halylaryny sowgat berdi.
Muzeýiň işgärleri bahasyna ýetip bolmajak sowgat üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de onuň sergi önümleriniň arasynda mynasyp orny eýelejekdigini bellediler.
Milli Liderimiz gyzykly we mazmunly tanyşlyk gezelenji üçin singapur tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
* * *
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Singapur Respublikasynyň Prezidentiniň «Istana» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
Iki ýurduň Baştutanlary mejlisler zalyna barýarlar, şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Halima Ýakobyň baştutanlygyndaky wekiliýetleriň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-singapur gepleşikleri geçirildi.
Özara ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki ýagdaýlary hem-de bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak üçin mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.
Taraplar şeýle hem sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
* * *
Soňra «Istana» köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Li Sýan Lunuň baştutanlygynda Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Agşam Singapur Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, «Çangi» Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen söhbetdeş bolup, saparyň jemlerini jemledi we onuň hakyky taryhy ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýygnananlary şu saparyň üstünlikli geçendigi bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmek ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşýan uçara münüp, Watanymyza ugrady.
“Nesil” gazeti,
29.08.2019ý.