NEBITGAZ ULGAMY — YK­DY­SA­DY­ÝE­TIŇ GIR­DE­JI­LI PU­DA­GY

Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň halk hojalygynyň iň düşewüntli ulgamy hasaplanýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, milli Liderimiz nebitgaz ulgamyna aýratyn üns berýär. 29-njy awgustda döwlet Baştutanymyzyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew dagy bilen geçiren duşuşygy hem oňa aýdyň mysal bolup biler. Baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýän kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Işewürden soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda milli energetika maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berildi. Bu maksatnama pudagy döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň gaýtadan işleýän düzüminiň kuwwatyny öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda artdyrmaga gönükdirilendir. Pursatdan peýdalanyp, Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyza Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakynda teklip bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary diňläp, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolup durýandygyny aňladýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda başyny başlan hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary diňe bir sebit üçin möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakyndaky teklibi makullap, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan holding bilen özara gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Igor Makarow döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wezipäniň özi üçin uly hormat we jogapkärçilik bolup durýandygyny aýtdy. Onuň ýolbaşçylyk edýän halkara kompaniýalar toparynyň döredilenine 28 ýyl bolupdyr. Şol ýyllaryň agramly 25 ýylyny kompaniýalar topary nebitgaz pudagy bilen baglanyşdyrypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Igor Makarow esasy işinden başga-da Russiýanyň welosiped sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Welosipedçiler halkara birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy bolup durýar. Ol welosiped sportunda ilkinji ädimlerini hut Aşgabatda başlady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçiriljek trek welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan üçin, gürrüňsiz, şanly wakalara öwrüljek şol ýaryşlaryň geçirilmegi onuň sport döwleti hökmünde abraýynyň has-da artmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmeginiň hem-de halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, türkmen halkyny ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gyzgyn gutlady.

“Nesil” gazeti,

31.08.2019ý.