MAKSATLAR AÝDYŇ, IŞLER ILERI

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň meseleleri elmydama ileri tutulýar. Oňa 30-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi aýdyň şaýatlyk edýär.

Mejlisiň başynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşy hem-de daşary ýurtlaryň esasy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler boýunça hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçiligiň okgunly ösüşiniň ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň iň gowy tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikiri we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň hasabyna üpjün edilýändigini belläp, kabul edilen döwlet hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary çykyş edip, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän taýýar önümleriň eksportuny artdyrmak, nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý ýangyç serişdelerinden netijeli we rejeli peýdalanmagyň ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şeýle hem «Galkynyş» gaz käniniň ilkinji tapgyrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün etmelidigini, dünýädäki iri bu gaz käniniň ägirt uly kuwwata eýedigini aýdyp, bu pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan esasy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda Permanyň taslamasyny hödürledi we şu ýylyň 12-14-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz energetika we jemagat hojalygy ulgamynyň has ýokary görkezijileri bilen dünýä döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýändigini belledi hem-de gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky Permana gol çekip, wise-premýere täze hünär baýramynyň döredilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň himiýa senagaty barha ösýär. Bu barada hasabat beren Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli düzümlerde daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan azot, fosfor we kaliý dökünleri çykarylýandygyny, toplumlaýyn mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz dökünleriň obasenagat toplumynda dünýä tejribesinde köp ulanylýandygy üçin, onuň milli himiýa senagatynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda uly geljeginiň bardygyny aýdyp, hödürlenen taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde 26-njy awgustda geçirilen türkmen-singapur işewürler forumynyň netijeleri barada hem-de Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp 23-24-nji sentýabrda geçiriljek sergä taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda dynç alyş güni berilmezden bellenilýän şanly seneleriň sanawyna üýtgetmeleri girizmek hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permanlaryň taslamalary hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz degişli Permanlara gol çekdi we bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary sentýabr aýynda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly baý mazmunly çäreler, «Koreýanyň hepdeligi», saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy hakda aýdyldy.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hem-de ýurdumyzyň döredijilik işgärlerine Garaşsyzlyk baýramynyň 28 ýyllygy mynasybetli hormatly atlary dakmak dabaralarynyň göz öňünde tutulýandygyny hem-de bu çäreleriň 7-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljekdigini habar berdi.

Soňra oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimizden güýzlük bugdaý ekişine we welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazara alyp, pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermek barada haýyş bilen ýüzlendi. Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 18-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri DIM-niň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasata ygrarlydygyny belledi. Dubaý şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygynyň açylmagy iň oňat dostluk däpleri, deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-emirat gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigini aýtdy we degişli resminama gol çekip, bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygynyň hasabatyny diňlän döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de saýlawçylaryň deputatlara bildiren ynamy bilen baglylykda olaryň ýokary jogapkärçiligini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara şowlulyklaryň, uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

03.09.2019ý.