IL BÄHBITLI IŞLER ILERLEÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri barha rowaçlanýar. Biz ony yzygiderli geçirilýän iş maslahatlarynyň mysalynda hem anyk bilýäris. Hepdäniň duşenbe hem-de sişenbe günleri bolup geçen iş maslahatlary hem öz gözbaşyny hut şeýle oňyn başlangyçlardan alyp gaýtdy. Milli Liderimiziň 2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatyna Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy. Ilki bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy degişli ugurda jemgyýetçilik guramalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri esasynda döwlet edaralarynyň, Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň işini düzgünleşdirýän, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramçylygyna we beýleki dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sentýabr aýynyň ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan şanly wakalara baýdygyny nygtamak bilen, şäheriň ähli künjekleriniň toý lybasyna beslenmelidigini, arassaçylyk we bezeg işlerine aýratyn üns bermelidigini, taýýarlyk işlerini 15-nji sentýabra çenli doly tamamlamalydygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, pudaga häzirki zaman dünýä tejribesini, sanly tehnologiýalary we innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ýollaryny döretmegi netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek meselelerine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň pes bolmagynda galýandygyny aýdyp, zawodlar toplumynyň baş direktoryny eýeleýän wezipesinden boşatdy we bu wezipä «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary B.Amanowy belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçysyna hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktoryna ýüzlenip, işleriň depginlerini güýçlendirmekligi tabşyrdy.

***

2019-njy ýylyň 3-nji sentýabry. Hormatly Prezidentimiziň geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Ilki bilen, göni wideoaragatnaşykda Ahal welaýatynyň häkimi geçirilýän işler, oba hojalyk pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar, güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýarlamak, durmuş maksatly desgalarda degişli abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek, welaýatyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy we bu işler boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimini göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerine görülýän taýýarlyk, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly ähli meseleleriň toplumlaýyn çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi hasabat bilen çykyş edip, sebitde geçirilýän işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek ugrunda görülýän taýýarlyk çäreleri, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň baş baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek täze desgalarda we binalarda işleriň barşyna ünsi çekdi, şeýle hem ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna — Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, hususanda, pagta ýygymy möwsümine hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygyna öňdebaryjy tejribäni, sanly tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Häkime öňümizdäki baýramçylyklara we şanly senelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerine girişmäge görülýän taýýarlyk we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň toplumlaýyn esasda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, oňa birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny, oba hojalygyny we daşky gurşawy goramak ministrini, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyny çagyrdy. Öňi bilen wise-premýer güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri bugdaý hasylyny ýetişdirmegi asylly iş hasaplaýandygyny belläp, ekiş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, şu jogapkärli möwsümde işlejek ekerançylaryň we degişli düzümleriň öndürijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy. Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi obasenagat toplumynyň önümçilik düzümleriniň kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, güýzlük bugdaý ekiljek meýdanlaryň öz wagtynda suwarylmagy bilen baglanyşykly taýýarlanan iş maksatnamasy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere dünýäniň ösen tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan-saglyk, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

05.09.2019ý.