WA­TAN SER­HET­DEN BAŞ­LAN­ÝAR

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw-türgenleşigine gatnaşdy.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar.

...Gije ýarymdan agansoň, milli Liderimiz Döwlet serhet gullugynyň okuw-türgenleşik merkezleriniň birine tarap ugrady. Belent Serkerdebaşymyz kuwwatly harby ulaga erk edip, dag derelerine tarap ýola düşdi. Wagtyň bu çagynda dag içindäki ümsümlik güýz howasynyň ýakymy bilen utgaşyp, özboluşly ajaýyplygy emele getirýär. Arassa dag howasynyň ýakymly gurşawy bu ýeriniň tebigy gözelligi bilen sazlaşyp, köp sanly baglar dag etekleriniň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýolugra döwlet Baştutanymyz ajaýyp görnüşi bilen özüne çekýän bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryndan täsirlendi. Dag gerişleriniň ajaýyplygy täsin gözelligi emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ene topragyň her bir künjeginiň, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün edýär. Tebigy baýlyklaryň aýawly saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Tebigy serişdeler diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekki nesillere-de hyzmat eder.

Merkezi girelgäniň ýanynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirmäge görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we milli kanunçylygyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmak, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukyplylygyny goldamaga, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, oňa «Türkmen edermen» medalyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony ýurdumyzyň Mejlisine hödürlemek bilen baglanyşykly işleri alyp barmagy, şeýle hem Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görülmegini esasy meseleleriň hatarynda görkezip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de jemgyýetçilik tertibini saklamak maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz ýygnananlara berk jan saglyk hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz welosipedde ýörite okuw-türgenleşik meýdançasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutanymyz döwrebap kämil harby tehnikalary gözden geçirdi. Ol ýerde türkmen alabaýlarynyň we beýleki tohumlardan bolan gulluk itleriniň görkezme çykyşlary görkezildi.

Şeýle hem türkmen serhetçileri döwlet Baştutanymyza gulluk atlarynyň we alabaýlaryň gulluk alyp barýan pursatlaryny, başa-baş söweşiň, sowuk ýaraglary nyşana zyňmagyň usullaryny görkezdiler. Ýaş esgerler at çapmagyň, nyşana ok atmagyň, päsgelçiliklerden geçmegiň we ýaragly dürli taktiki hereketlerdäki ok atmagyň tärlerini ele alandyklaryny iş ýüzünde subut etdiler.

Milli Liderimiz uçarmansyz uçary uçurmagyň we dolandyrmagyň, ýörite hereketleriň aýratynlyklary, olara alpinistleriň gatnaşmaklary, motoulagyň üstünden garşydaşa ok atmak, mergenleriň taýýarlyk derejesini synlady. Bu ýerde atly we pyýada nobatçylyk çalşyk hereketleri, awtoulagda geçen serhet bozujylary saklamagyň netijeleri, serhetçileriň gündelik ulanýan tehniki serişdeleriniň mümkinçilikleri görkezildi.

Geçirilen okuw-türgenleşik mähriban Watanymyzyň goragynda sak durýan harby goragçylaryň amaly we söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejä eýedigini, dürli görnüşli tehnikalara we söweşjeň ýaraglara ussatlyk bilen erk edip bilýändiklerini subut etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz serkerdelere we ýaş esgerlere jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw edip, dikuçarda Garagum sährasynda ýerleşen okuw-türgenleşik meýdanyna tarap ugrady.

Harby okuwyň geçirilýän ýerinde Belent Serkerdebaşymyzy goranmak ministri garşylady. Ol Ýaragly Güýçlerimiziň birnäçe birikmeleriniň harby gullukçylarynyň okuw-türgenleşikleriň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bilelikdäki bölümleriniň harby gullukçylarynyň görkezme çykyşlaryna syn etdi.

Harby okuw-türgenleşikler tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz esgerlere we serkerdelere ata Watanymyzy goramakda hem-de mukaddes harby borjy ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edip, harby awtoulagda Garagum sährasynyň üstünden geçýän ýol boýunça dikuçar meýdançasyna tarap ugrady hem-de ýüzugra bu künjegiň asyl durkuny saklan gözelligini synlady.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasy tebigaty goramagyň nusgalyk görnüşi hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Bu künjegiň ekologiýa deňeçerliginiň degişli derejede saklanylmagyna, daşky gurşawy goramak, tebigatyň özboluşlylygyny, asyl durkuny saklamak işlerine hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatynda uly üns berilýär.

Milli Liderimiz ulagy saklap, sähranyň belent gerişli alaňlaryny hem-de ösümlik dünýäsiniň gözelligini synlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garagum sährasynda dermanlyk ösümlikleriň örän köp görnüşleri ösýär. Şolaryň bejeriş aýratynlyklarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik düýpli ylmy işiň awtory hormatly Prezidentimiz öz kitabynda sähranyň ösümliklerini netijeli peýdalanmagyň anyk ugurlaryny kesgitleýär.

Milli Liderimiz Garagum sährasy boýunça ýoluny dowam edip, dikuçar meýdançasyna geldi we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

07.09.2019ý.