Şan-şöhratly eziz Watanymyzyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky at-abraýy barha ýokarlanýar. 6-njy sentýabrda geçirilen döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garalan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi ony dolulygyna tassyklaýar. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 17-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 74-nji mejlisiniň işine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlary barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy belleniler. Milli Liderimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini halkara derejesinde ösdürmek baradaky başlangyjyny öňe sürmek maksady bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde 2021-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamanyň taslamasyny teklip eder. Şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam eder. Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketler meýilnamasynyň 3-nji tapgyrynyň ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer. Türkmenistan 74-nji mejlisiň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň bähbidine giň netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny, beýleki döwletler we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, türkmen tarapynyň öňümizdäki halkara çärelerine gatnaşmagyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini şol bir wagtda ýurdumyzyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ykdysady düzümine ýolbaşçylyk edýän orunbasary işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, strategiki ugurlar boýunça GDA-nyň ýurtlary bilen däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň ýeten derejesini we geljekki ösüşini, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini görkezýän çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde boljak forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumy boýunça orunbasary gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarýan häzirki zamanyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçiliklerini gurmak babatdaky taslamalary yzygiderli gözegçilikde saklamagy üpjün etmek barada wisepremýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika pudagy boýunça orunbasary ýurdumyzyň energetika pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berse, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat ulgamy boýunça orunbasary ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzda kiçi we orta işewürligi ösdürmekde döwlet tarapyndan berilýän goldawlara degişli çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamyny ösdürmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak, eziz Diýarymyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlarda öňe ilerletmek babatda halkara gatnaşyklarynyň gurallaryny we görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça wisepremýere görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda 23-nji sentýabrda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Foruma dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller hem-de ýurdumyzda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenler gatnaşar. Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 2019-njy ýyldaky işiniň netijeleri barada hasabat, birleşigiň agzalarynyň alyp baran işleri baradaky çykyşlary we beýleki möhüm meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, dünýäde halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny wagyz etmekde hem-de taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamy boýunça orunbasary Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap enjamlary hemde pudagyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda sanly telewideniýäniň, emeli hemranyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtady we dürli ugurlar boýunça ussat hünärmenleri, iň gowy radio we telegepleşigini kesgitlemäge gönükdirilen hem-de beýleki ugurlar boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bugdaý ekişine badalga berlendigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de pagta ýygymyny geçirmek meselelerine ünsi çekip, obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm oba hojalyk möwsümini bellenen möhletde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparyna ýolbaşçylyk edýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, bähbitlerini goramak, ulgamdaky howpsuzlyga degişli howplaryň öňüni almak hem-de jemgyýetçilik düzgün-tertibini, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek üçin «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kiberhowpsuzlygyň netijeli ulgamyny işläp taýýarlamak üçin hukuk esaslaryny we mümkinçilikleri döretmegiň ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
10.09.2019ý.